Ýewropa Komissiýasynyň täze saýlanan başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa saparyny Parižden başlap, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar dürli babatlarda garaýyşlarynyň deňdigini bellediler. – Biz güýçli we ýeke-täk Ýewropanyň ösüşi üçin tagallalarymyzy birikdirmäge taýýardygymyzy mälim etdik. Daşky gurşaw, öýjükleşdirmek, ykdysady ösüş, howpsuzlyk we goranyş ýaly ugurlar gepleşiklerimiziň ileri tutulýan ugurlary boldy – diýip, Ursula fon der Lýaýen gepleşiklerden soň aýtdy.
Hristian-demokrat bileleşiginiň başlygy Annegret Kramp-Karrenbauer Germaniýanyň goranmak ministri wezipesine resmi taýdan bellenildi. Mundan ozal bu wezipäni Ýewropa Komissiýasynyň täze saýlanan Başlygy Ursula fon der Lýaýen eýeleýärdi. Bu barada GFR-iň hökümetiniň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda mälim edilýär.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) we BRIKS-iň (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika Respublikasy) sammiti geljek ýyl Çelýabinskide däl-de, Sankt-Peterburgda geçiriler. Çelýabinskiý oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirji Alekseý Teksler Prezident Wladimir Putin bilen duşuşykda – Bu çärelere gatnaşyjylaryň sanynyň artmagy sebäpli biz ony Sankt-Peterburgda geçirmeli bolýarys – diýip aýtdy.
25-26-njy iýulda Braziliýada BRIKS-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda noýabr aýynda bu ýurtda geçiriljek BRIKS-iň 11-nji sammitine görülýän taýýarlyk barada maslahat edildi. Guramanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy ýylda iki gezek, döwlet ýolbaşçylarynyňky bolsa, bir gezek geçirilýär.
Ýaponiýada Parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlaryň netijeleri mälim edilip, Premýer-ministr Sindzo Abeniň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy bileleşik ýeňiş gazandy. Şonuň bilen birlikde ol zerur orunlaryň üçden ikisine eýe boldy. Indi maslahatçylar palatasynynda bileleşigiň 140, garşydaş we beýleki partiýalaryň 104 orny bar. Saýlawlara gatnaşyk 49%-e deň boldy.
ABŞ-nyň Hýuston şäherinde doganlaşan şäherleriň häkimleriniň dördünji amerikan-hytaý sammiti geçirildi. Forumyň işine iki ýurduň doganlaşan şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň köp sanly wekilleri gatnaşdy. “Indiki 40 ýyl: dostlugy we ýygjam hyzmatdaşlygy berkitmek” bu sammitiň esasy temasy boldy.