Bat­ma­ýan Gün
Ýer ýü­zü­niň has gü­nor­ta­syn­da hem-de has de­mir­ga­zy­gyn­da uzak wagt­lap Gün bat­ma­ýar. ABŞ-nyň Al­ýas­ka şta­tyn­da­ky Fer­banks şä­he­rin­de, Rus­si­ýa­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de to­mus­da bir­nä­çe aý­lap daş-tö­we­rek he­mi­şe ýag­ty bol­ýar. Şol dö­wür­de Gün ýa­ry­gi­jä go­laý bat­ýan hem bol­sa, gi­je­si bi­len ýag­ty bol­ýar. Bu üýt­ge­şik te­bi­gy ha­dy­sa “ak gi­je­ler” di­ýil­ýär. An­tark­ti­ka­da bol­sa, to­mus pas­lyn­da tu­tuş­ly­gy­na Gün hiç hi­li bat­ma­ýar.
Bulut örtügi
Bu pa­syl­da ho­wa kä­bir ýer­ler­de üýt­ge­şik te­bi­gy gör­nüş­le­ri dö­red­ýär. Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Keýp­ta­un şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky Stol da­gyn­da bu­lut ör­tü­gi peý­da bol­ýar. Oňa stol bu­lu­dy di­ýil­ýär. Bo­li­wi­ýa­da­ky Uýu­ni şor­lu­gy bol­sa äpet aý­na öw­rül­ýär. De­ňiz de­re­je­sin­den 3650 metr be­lent­lik­dä­ki Uýu­ni (is­pan­ça­sy: Sa­lar de Uyu­ni) dün­ýä­niň iň be­ýik­de ýer­leş­ýän duz kö­li ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem ol Ýer ýü­zün­dä­ki iň giň şor­luk bo­lup, 10 582 ine­dör­dül km meý­da­ny eýe­le­ýär.
Me­te­or ýa­gy­şy
Ýyl­dyz süý­ne­ni­ni gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek?! As­lyn­da, ýyl­dy­zyň süýn­me­gi kos­mos­da­ky me­teo­rit­le­riň Ýe­riň at­mos­fe­ra­sy­na gi­rip, ýan­ma­gyn­dan yba­rat­dyr. Her ýy­lyň iýul aýy­nyň or­ta­syn­dan aw­gus­tyň or­ta­la­ry­na çen­li me­teo­rit akym­la­ry bo­lup geç­ýär. Bu kos­mi­ki ha­dy­sa Gü­nor­ta ýa­rym şar­da şä­her­den uzak ýer­ler­de Gü­nüň dog­ma­gy­nyň öň ýa­nyn­da­ky pur­sat­lar­da has aý­dyň gö­rün­ýär. Şol dö­wür her sa­gat­da 60 me­teo­rit at­mos­fe­ra gir­ýär. Ol 28-29-njy iýul­da has güýç­li ýag­daý­da bo­lup geç­ýär.
Çyr­lak se­si
Ag­şa­ma­ra çyr­lak­la­ryň se­si gel­ýän bol­sa, to­mus pas­ly­nyň ge­len­di­gi­niň ala­ma­ty. Ola­ryň se­si­ne gö­rä, ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny hem bi­lip bol­ýar. Se­bä­bi, ola­ryň se­si­niň ba­dy ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na gö­rä üýt­ge­ýär. Eger, çalt jyr­la­ýan bol­sa, diý­mek ho­wa­nyň ys­sy­dy­gy­nyň ala­ma­ty. Hat­da ola­ryň se­si­niň tiz­li­gi­ni öl­çäp, ho­wa­nyň nä­çe de­re­je­de­di­gi­ni hem bi­lip bol­ýar. Çyrlaklaryň 25 se­kunt­da nä­çe ge­zek jyr­lan­dy­gy­ny sa­nap, üçe bö­lüp, dör­di goş­saň ho­wa­nyň nä­çe derejedigini anyk­lap bol­ýar.
Di­ňe gül­ler ös­me­ýär
Ýaz we to­mus aý­la­ryn­da di­ňe ösüm­lik­le­riň bo­ýy ös­me­ýär. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­dä­ki “Eý­fel” di­ňi­niň hem bo­ýy ys­sy ho­wa­da uzal­ýar. Po­la­dyň we de­m­riň gy­za­nyn­da uzal­ýan­dy­gy­ny bil­ýän­si­ňiz. Bu tä­sin yma­rat hem tu­tuş­ly­gy­na po­lat­dan ýa­sa­lan­dy­gy üçin to­mus­da süý­nüp, 15 sm çe­me­si uzal­ýar. Şeý­le hem alym­lar ys­sy ho­wa­da ada­myň dyr­nak­la­ry­nyň hem çalt ös­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Em­ma onuň se­bä­bi en­tek nä­mä­lim­di­gi­ne gal­ýar.