Te­bi­gy ha­dy­sa bo­lan ýeliň turmagy üçin kä­bir fi­zi­ki şert­ler eme­le gel­me­li­dir. Ýer ýü­zün­de eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­ly­gyň we te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň yzy­gi­der­li do­wam et­me­gi üçin ýe­liň bol­ma­gy hök­ma­ny­dyr. Kä­bir ýer­ler­de has güýç­li ýel tu­rup, agaç­la­ryň köki bilen gop­ma­gy­na ge­ti­rip bil­ýär. Tom­su­na, esa­san hem, de­ňiz ta­rap­dan ser­gin­le­di­ji şe­mal öwüs­ýär. Bu­lar­dan baş­ga ýeliň se­si hem bar. Er­te­ki­ler­de we film­ler­de ýe­liň se­si gor­ku­zy­jy edip gör­ke­zil­ýär. Eý­sem, bu ses nä­dip eme­le gel­ýär­kä?! Şe­mal dür­li gör­nüş­li ses çy­ka­ryp, bu ses­ler ýe­liň tiz­li­gi­ne, öwüs­ýän ug­ru­na, onuň öňün­dä­ki jaý, agaç ýa­ly päs­gel­çi­lik­le­re gö­rä üýt­ge­ýär. Ýe­liň tiz­li­gi art­dy­gy­ça se­siň ýy­gy­ly­gy hem ýo­kar­lan­ýar. Şe­ma­lyň sy­ky­lyk çal­ýan ýa­ly bo­lup çyk­ma­gy­nyň se­bä­bi, onuň aý­la­nyp öwüs­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Ýag­ny, tü­we­leý şeý­le ses çy­kar­ýar. Aý­la­nyp he­re­ket ed­ýän tü­we­leý ho­wa­nyň ba­sy­şy­ny üýt­ged­ýär. Aý­lan­ýan ho­wa­nyň eme­le ge­ti­ren ses tol­kun­la­ry sy­ky­lyk ýa­ly bo­lup eşi­dil­ýär. Ýe­liň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 40 km-den ge­çe­nin­den soň bol­sa has baş­ga­ça ses çy­ka­ryp baş­la­ýar. Onuň se­si öňün­den çyk­ýan za­dyň ulu­ly­gy­na ýa-da şe­ki­li­ne gö­rä üýt­ge­ýär. My­sal üçin, çy­nar agaç­la­ry­nyň ara­syn­da öwüs­ýän şe­malyň sesi bi­len pür­li ýap­rak­la­ry bo­lan ar­ça­la­ryň ara­syn­da öwüs­ýän şe­mal­yň sesi ta­pa­wut­ly bol­ýar.