Mag­nit de­mir­den we po­lat­dan ýa­sa­lan zat­la­ry özü­ne çek­ýän ji­sim­dir. Gün­ba­tar dil­le­rin­de “mag­net” görnüşinde ge­çen bu söz ir­ki dö­wür­ler­de Ki­çi Azi­ýa­da “Mag­ne­sia” at­ly ýer­den ge­lip çy­kyp­dyr. Bu ýer­de ýa­şa­ýan adam­lar kä­bir ga­ra daş­la­ryň de­m­ri çek­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir­ler. Bu ga­ra daş­lar ”mag­ne­tit” at­ly ha­ky­ky mag­ni­diň bir gör­nü­şi­dir. Wag­tyň geç­me­gi bi­len adam­lar bir ýü­püň ujun­da asy­lyp goý­lan ýa-da bir tag­ta bö­le­ji­gi­niň üs­tün­de su­wa goý­be­ri­len mag­ni­diň he­mi­şe de­mir­ga­zyk we gü­nor­ta­ny gör­kez­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir­ler. De­ňiz­çi­le­riň ulan­ýan il­kin­ji kom­pas­la­ry bu te­bi­gy daş­lar­dan ýa­sa­lyp­dyr.
Mag­nit di­ňe ta­ýa­jyk şe­ki­lin­de däl, eý­sem, nal gör­nü­şin­de hem ýa­sal­ýar. Nal şe­kil­li mag­nit­ler­de na­lyň iki ujy “de­mir­ga­zyk” we “ gü­nor­ta” pol­ýus­la­ry­dyr.
Öň­ki dö­wür­ler­de mag­nit­ler ýö­ne­keý usul­lar ar­ka­ly ýa­sal­ýan eken. Bir de­mir bö­le­gi te­bi­gy mag­ni­te sür­tü­lip, onuň dar­tyş güý­ji art­dy­ryl­ýan eken. Soň­ra has tä­sir­li usul­lar oý­la­nyp ta­pyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da bir de­mir bö­le­ji­gi­ne izol­ýa­si­ýa­ly sim sa­ra­lyp, şol sa­ra­lan sim­den tok aky­my ge­çi­ril­ýär. Ýum­şak de­mir­den ýa­sal­ýan mag­nit­ler­de bol­sa şol de­mir bö­le­ji­gin­den di­ňe akym geç­ýän wag­ty mag­nit hä­si­ýet­li bol­ýar. Bu elekt­ro­mag­nit­ler se­na­gat önüm­çi­li­gin­de has köp peý­da­la­nyl­ýar.