Ýeriň ýeke-täk hemrasy bolan Aý planetamyzyň daşyndan aýlaw edende onuň uzaklygy üýtgeýär. Bu ýagdaý dolan Aýyň başgaça ululykda görünmegine sebäp bolýar. Aý gözýetim çyzygyna golaý ýerde peýda bolanynda adatdakylardan has uly görünýär. Munuň sebäbi, Ýere ýakyn ýaly bolandygy üçin uly ýaly bolup görünýär. Gysgaça aýdylanda, Aýyň ululygy üýtgemeýän hem bolsa, gözümiziň uzak jisimleri kiçi, ýakyn jisimleri uly görýändigi sebäpli, bu asman jisimi bize dürli ululyklarda görünýär. Şeýle-de Aýyň reňki hem üýtgeşik görünýär. Aý gündizine peýda bolanynda mawy asmanda solak ak reňkli bolup görünýär. Gijelerine goýy sary, kämahal narynç-gyzyl bolup görünýär. Kosmosdan düşürilen suratlarda bolsa, onuň hakyky reňkiniň çaldygyny görmek bolýar. Aýyň reňkiniň beýle bolmagy kislorod, kremniý, magniý, demir, kalsiý we alýumin ýaly elementlerden emele gelmegi sebäplidir. Mälim bolşy ýaly, Aýyň öz ýagtylygy bolman, ol Günüň şöhlesini serpikdirip, ýagty ýaly bolup görünýär. Aýdan serpikýän yşygy atmosferadaky tozan bölejikleri pytradýar. Bu şöhläniň dürli mukdarda pytramagy onuň reňkiniň başgaça görünmegine sebäp bolýar. Gün şöhlesinde hem şeýle ýagdaý bolýar. Aý gözýetim çyzygyna golaý wagty Aýdan serpikýän şöhläniň atmosferada geçmeli ýoly uzandygy üçin gyzgylt bolup görünýär.