Adamzat irki döwürlerden bäri kosmos giňişligini öwrenmek üçin köp tagalla edipdir. Geçen asyryň ortalarynda ilkinji enjamlar atmosferanyň daşyna uçurylypdyr. Soňky ýyllarda adamly uçuşlar ýola goýlupdyr. Soňra içinde hemişe adam bolan beketler gurlupdyr. Häzirki wagtda Ýeriň daşyndan aýlanýan Halkara Kosmos Bekedinde dürli ýurtlardan kosmosy öwrenijiler zähmet çekýärler. Her kosmonawt ol ýerde adatça, 6 aý bolýar. Kosmos barada käbir gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Halkara Kosmos Bekedi Ýerden 400 km töweregi uzaklykda, öz orbitasynda aýlanýar. Ol her 90 minutda Ýeriň daşyndan bir gezek aýlaw edýär. Şeýlelikde, beketdäki kosmonawtlar 24 sagadyň dowamynda 16 gezek Günüň dogýan we ýaşýan pursadyna tomaşa edip bilýärler.
Ol ýerdäki kosmonawtlar hem adaty naharlar bilen iýmitlenýärler. Emma, bu naharlar ýörite gaplara gaplanyp taýýar görnüşde Ýerden iberilýär. Kosmonawtlar üçin gerekli iýmitler we beýleki gerekli zatlar ýörite ýük daşaýan kosmos gämileri tarapyndan iberilýär.
Kosmos giňişliginde Ýeriň dartyş güýjüniň ýokdugy sebäpli, kosmonawtlaryň boýy 1 sm çemesi uzalýar. Olar Ýere gaýdyp gelenlerinde boýlary ýene-de öňküsi ýaly bolýar.
Kosmonawtlaryň ýörite eşikleri ak reňkli bolýar. Sebäbi, ak reňk Günden gelýän şöhläni gaýtarýar. Atmosferanyň daşynda Gün şöhlesi göni düşende zyýanly bolmagy mümkin.
Halkara Kosmos Bekedinde ýörite laboratoriýa bolup, ol ýerde tejribe geçirmek maksady bilen dürli ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär.