Hü­när­men­ler örän tä­sin ýük ula­gy­ny iş­läp düz­dü­ler. Ýük gö­te­ri­ji­li­gi 65 ton­na bo­lan ula­g tok bi­len iş­läp, onuň zar­ýa­dy hiç hi­li gu­tar­ma­ýar. Üs­te­si­ne-de oňa ne Gün pa­ne­li otur­dy­lyp­dyr, ne-de zar­ýa­da ze­rur­lyk du­ý­ýar. Bu ula­gyň he­re­ket et­me­gi üçin ge­rek bo­lan ener­gi­ýa­sy­ny özi ön­dür­ýär. Eý­sem, bu nä­hi­li bol­ýar­ka?! Jo­ga­by örän ýö­ne­keý – fi­zi­ka. “The Elekt­ro Dum­per” at­ly ulag elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän iň uly ulag ady­ny hem al­dy. Şweý­sa­ri­ýa­da­ky mag­dan kä­nin­de iş­le­di­lip baş­la­nan ulag de­pe­den aşak ýük dü­şür­mek­de peý­da­la­nyl­ýar. Fi­zi­ka­nyň ka­nun­la­ry­na gö­rä, ýo­kar­dan aşak­ly­gy­na gaý­dan zat hiç hi­li ener­gi­ýa ze­rur­lyk duý­ma­ýar. Bu ýük ula­gy hem şeý­le. Ony aşak dü­şe­nin­de do­lan­dyr­mak üçin ge­rek bo­lan ýe­ke-täk me­ha­nizm du­ru­zy­jy ul­gam­dan yba­rat. Bu du­ru­zy­jy ul­gam bol­sa, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­ýär. Ön­dü­ri­len ener­gi­ýa ýü­ki ýeň­län ula­gy gaý­ta­dan de­pä çy­kar­ma­ga aň­ry­ýa­ny bi­len ýet­ýär. Ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy dü­şe­nin­de 88 gö­te­ri­me çen­li dol­ýar. Ýo­ka­ry çyk­mak üçin onuň 80 gö­te­ri­mi­ni sarp ed­ýär. Ýag­ny, onuň her aý­law­da ön­dü­ren ener­gi­ýa­sy sarp ed­ýä­nin­den 10 gö­te­rim köp. Em­ma bu ulag di­ňe şeý­le ýag­daý­da ener­gi­ýa ön­dü­rip bil­ýär. My­sal üçin, ulag ýo­kar­ly­gy­na ýük­li çy­kyp, aşak boş gaýt­ma­ly bol­sa, beý­le ne­ti­jä­ni ber­me­ýär.