Ýewropanyň kosmos agentligi tarapyndan uçurylan, “67 P Churyumov-Gerasimenko” kometasynyň daşyndan aýlanyp ýören “Rosetta” emeli hemrasynyň ulanyş möhleti tamamlanýar. Häzire çenli Ýerden iň daşdaky planeta uçurylan enjam bolan “Philae” hem-de “Rosetta” diýseň gowy maglumatlary toplamaga ýardam etdi. Gün ulgamynyň iň belli kometalarynyň biri hem “67P Churyumov-Gerasimenko”-dyr. Häzirki wagtda “Philae” asman jisiminiň üstünde dur.
“Rosetta” bolsa, onuň orbitasynda aýlanmagyny dowam etdirýär. Astronomlar Gün ulgamynyň daşynda milliardlarça planetanyň bardygyna ünsi çekýärler. Olarda ýaşaýşyň hem bolup biljekdigi aýdylýar. “Philae” enjamy asman jisiminde bellenen ýere däl-de, Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerine gonupdy. Hünärmenler ony energiýa sarp etmezligi üçin “uky” moduna geçirdiler we oňa Gün düşmegine garaşypdylar. Enjama Gün şöhlesi düşenden soňra ol zarýad alyp, gaýtadan işe girizilipdi. “Rosetta” bolsa, asman jisminiň orbitasynda özüne ynanylan ýumşy ýerine ýetirmegini dowam etdirýär. Häzire çenli “Rosetta” arkaly asman jisimindäki suwuň ýagdaýy barlanyldy. “Rosettanyň” “Rosina” atly enjamy köp maglumat almaga ýardam edýär. Kometanyň üsti uly gaýa bölekleri, depeler we kraterler bilen örtülendir. Ol ýerde gündizine howa 50 derejä çenli gyzgyn bolýar, gijesine bolsa, 200 derejä çenli sowuk. Onuň töweregini gaz we tozan gaplap alýar. Mundan ozal, şeýle asman jisimi ýakyndan öwrenilmändi. “Rosetta” we “Philae” 2004-nji ýylda uçurylypdy we 10 ýyldan soňra bellenen ýere barypdy. On ýyldan bäri alnyp barylýan bu işleriň ählisi Gün ulgamynyň nädip dörändigini anyklamakdan ybarat.
“Rosetta”-nyň “Rosina” atly enjamyndan jogapkär Martin Rubin ol ýerde molekulalaryň, aminokislotalaryň kometada bardygynyň ozal nämälimdigini aýtdy. Şeýle hem uglewodorodyň, kislorodyň hem bardygyny belledi. Astronom kometada ýaşaýyş ýok hem bolsa, kislorodyň bardygyny aýtdy. Ol kometadaky suwy barlandyklaryny we Ýerdäki suwuň dolulygyna şeýle kometa tarapyndan getirilip bilinmejekdigine, belki, onuň kiçiräk goşandynyň bolmagynyň mümkindigine göz ýetirendiklerini belledi. Öňki ýyllarda astronomlar Ýerdäki suwuň kometalardan gelendigini çaklaýardylar.
Kometanyň orbitasynda hereket edýän “Rosetta” 30-njy sentýabrda özüne berlen ýumşy tamamlar we ýuwaşlyk bilen asman jisimine gondurylar. 12 ýyllap kosmos giňişliginde hereket eden enjam Günden örän alysda. Şol sebäpli, ol Gün şöhlesinden ýeterlik derejede peýdalanyp bilmejekdigi üçin öz abzallaryny doly güýjünde işledip bilmez. Oňa çenli bolsa, kometadaky ölçeg işlerini geçirmegini dowam etdirer. Ol gonýança, Ýer bilen habarlaşmagyny dowam etdirer we soňky pursada çenli täze maglumatlary we ýokary durulykdaky suratlary düşürip ugradar. Astronomlar bu barlagyň netijesinde täze molekulalary we beýleki elementleri tapmagyň aladasyny edýär.
“Rosetta” awgustda kometa golaýlaşmak üçin öz hereket edýän orbitasyny hem üýtgeder. Ol ýere 50 sm/sekunt tizlik bilen gonar. Bu bolsa, onuň ýoldaşy “Philae”-nyň tizliginden iki esse az bolar.
2014-nji ýyldan bäri “Rosetta” we “Philae” tarapyndan iberilen maglumatlar birnäçe ýyllap alymlar tarapyndan seljeriler.