Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­gy dur­nuk­ly we yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Re­zol­ýu­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ka­bul edil­me­gi bol­sa, her bir türk­me­nis­tan­ly­nyň buý­san­jy­ny art­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň gaz se­na­ga­tyn­da mi­lli Li­de­ri­mi­ziň bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de soň­ky ýyl­lar­da “ma­wy ýan­gy­jyň” çy­ka­ry­ly­şy­nyň dur­nuk­ly art­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ara­syn­da düýp­li yl­my-bar­lag göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan geo­fi­zi­ki mag­lu­mat­la­ryň esa­syn­da çuň­luk­lar­da seýs­mi­ki göz­leg­le­ri ge­çir­mek ýa­ly ir­gin­siz zäh­me­ti ta­lap ed­ýän iş­le­ri, te­bi­gy baý­lyk­la­ryň tä­ze ýer­le­ri­ni tap­ma­gy, tä­ze gu­ýu­la­ryň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni we hä­si­ýet­le­ri­ni gör­kez­ýän kar­ta çyz­gy­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le hem ýe­riň gat­lak­la­ry­ny öw­ren­mek, tä­ze gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak we bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ku­ny düýp­li tä­ze­le­mek, ne­bi­tiň we ga­zyň çuň gat­lak­lar­dan ga­zy­lyp alyn­ma­gy­ny ýo­la goý­mak hem-de ola­ryň çy­ka­ryl­ýan göw­rü­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şol san­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ki en­jam­la­ry we se­riş­de­le­ri sa­tyn al­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Gaz ýa­tak­la­ry­nyň iş­le­ni­lip ge­çil­me­gi, esa­san, “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem bu iş­le­re da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry çe­ki­lip, olar aý­ra­tyn-da, Amy­der­ýa­nyň sag ke­na­ryn­da­ky hem-de Ha­zar deň­zi­niň türk­men ýal­pak­ly­gy­nyň we ke­nar­ýa­ka zo­la­gy­nyň ne­bit-gaz­ly ýa­tak­la­ry­ny iş­jeň öz­leş­dir­ýär­ler. Tä­ze ýan­gyç gor­la­ry­ny göz­le­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ul­ga­my ös­dür­mek bo­ýun­ça ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ula­nyl­ýan ýa­tak­lar­da geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri di­kel­dil­di. Mu­nuň özi çuň­lu­gy 7 ki­lo­met­re çen­li bo­lan dü­züm­le­ri öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň gün­ba­ta­ryn­da «Go­tur­de­pe», ýa­ta­gyn­da, şol san­da Ha­za­ryň ýal­pak suw­ly bö­le­gin­de döw­re­bap en­jam­la­ry hem-de prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni ulan­mak ar­ka­ly 3D seýs­mi­ki bar­lag­lar ge­çi­ril­di. “Dar­ja” çä­gin­de 2D usu­ly bi­len seýs­mi­ki göz­leg iş­le­ri ama­la aşy­ryl­dy. In­di şeý­le iş­ler “Bar­sa­gel­mez” ýa­ta­gyn­da ge­çi­ri­ler. Şol ýer­de 3D seýs­mi­ki su­ra­ta dü­şür­mek iş­le­ri 345 ine­dör­dül ki­lo­met­ri gur­şap alar.
“De­mir­ga­zyk Go­tur­de­pe” ýa­ta­gy­ny bu ugur­da­ky iş­le­riň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Şol ýer­de 4 müň metr­den gow­rak çuň­luk­da ne­bi­tiň tä­ze gat­la­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan Sin­ga­pur­da bel­li­ge al­nan “Ýug – Nef­te­gaz” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­ýan tä­ze ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da göz­leg-bar­lag hem-de ula­nyş gu­ýu­la­ry­nyň 60-sy­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­la­ryň bi­rin­ji­si­nde bu­raw­la­mak iş­le­ri şu ýy­lyň iýun aýyn­da baş­lan­dy.
“Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň hü­när­men­le­ri Ha­zar­ýa­ka se­bit­inde ýer­le­şýän Uzy­na­da meý­dan­ça­syn­da çuň­lu­gy 7 müň metr­den gow­rak bo­lan gu­ýu­la­ryň iki­si­ni bu­raw­lap, ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­nyň se­na­gat aky­my­ny al­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz ul­ga­my­nyň ta­ry­hyn­da şeý­le gu­ýu­lar il­kin­ji ge­zek bu­raw­la­nyl­dy, olar hä­zir­ki wagt­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da iň çuň gu­ýu­lar bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da, Le­bap we­la­ýa­tyn­da tä­ze “Tä­ji­baý” ýa­ta­gy açyl­dy. Gün­ba­tar se­bit­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, bu ýer­dä­ki gaz uly bol­ma­dyk çuň­luk­da ýer­leş­ýär hem-de ony öz­leş­dir­mek aň­sat­dyr. Şol ýa­tak­da­ky ýan­gyç se­riş­de­le­ri­niň dü­zü­min­de kü­kürt­li wo­do­rod ýok­dur. Mu­nuň özi bol­sa örän wa­jyp­dyr. “Türk­men­geo­lo­gi­ýa” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan bu­raw­la­nan il­kin­ji gu­ýu­lar 2400 metr çuň­luk­dan önüm­li gat­la­gyň üs­tü­ni açyp, de­bi­ti 475–500 müň kub met­re ba­ra­bar bo­lan ga­zyň se­na­gat akym­la­ry­ny ber­di.
Ha­za­ryň türk­men bö­le­gi­niň ýa­tak­la­ry­nyň hem gel­je­gi uly ha­sap­la­nyl­ýar. Bi­ler­men­ler şo­la­ryň gor­la­ry­ny 12,1 mil­liard ton­na ne­bit we kon­den­sat hem-de 6,1 tril­li­on kub metr gaz möç­be­rin­de ba­ha­lan­dyr­ýar­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin ne­bit­gaz ul­ga­myn­da äh­li şert­ler dö­re­dil­di, şo­ňa gö­rä-de, dün­ýä­niň işe­wür dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­za gy­zyk­lan­ma has-da art­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da “Pet­ro­nas” we “Dra­gon oil” da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň “Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri ha­kyn­da­ky” Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, bag­la­şy­lan şert­na­ma­la­ry uzalt­mak ba­ra­da gep­le­şik­le­ri alyp bar­ýar­lar hem-de bu ba­bat­da tä­jir­çi­lik tek­lip­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ni hö­dür­le­di­ler. “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň Rus­si­ýa­nyň “Tat­neft” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti bi­len “Go­tur­de­pe” ýa­ta­gyn­da­ky gu­ýu­la­ry düýp­li abat­la­mak we ne­bit gat­lak­la­ry­nyň önüm­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­la­ry et­mek ba­ra­da­ky şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti uzal­dyl­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň iň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan ne­bit-gaz pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik esa­sy­ny has hem gi­ňelt­mek, çig ma­lyň öz ýur­du­my­zyň çä­gin­de gaý­ta­dan iş­len­me­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýer­li ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ryn­da ýer­le­mek, eks­por­ta gö­nük­di­ri­len önüm­çi­li­giň gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bi­ziň ýur­du­myz­da hem bu ugur­da üs­tün­lik­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da dün­ýä­niň teh­ni­ki-teh­no­lo­gi­ki ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, eko­lo­gi­ki taý­dan aras­sa önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny ýo­la goý­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bel­le­nil­ýär. Hu­su­san-da, tä­ze top­lum­la­ýyn önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny gur­mak we ula­ny­şa gi­riz­mek, şeý­le hem Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da di­ze­liň dü­zü­min­dä­ki wo­do­rod ga­lyn­dy­la­ry­ny aras­sa­la­ýan en­jam­la­ry or­naş­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le en­jam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­bi­ti düýp­li gaý­ta­dan iş­le­mä­ge, ön­dü­ril­ýän ne­bit-hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mä­ge, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň gur­lu­şy­ny we hä­si­ýet­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, sin­te­ti­ki ýag­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Mer­gen Ama­now,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň “Ne­bit we gaz
gu­ýu­la­ry­ny bu­raw­la­mak” ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.