Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz bu meseläni oňyn çözmek üçin diňe bir ýurdumyzyň çägi üçin däl, eýsem, sebit babatda hem dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň «Suw hakyndaky» Kodeksi oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda suwdan peýdalanmagyň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Bilşimiz ýaly, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly saklamak babatda alnyp barylýan işleriň ulgamynda Garagum sährasyny gülzarlyga öwürýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti diýseň uludyr. Ekologiýa taýdan bu möhüm ähmiýetli taslama ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky suwarymly ýerlerden zeý suwlaryny toplamakdan we olary Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garaşor diýen örän uly tebigy çöketlige ýygnamagy ugur edinýär.
«Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmegiň esasy maksady zeý suwlarynyň toplanyşyny tertipleşdirmek we olary ekologiýa taýdan howpsuz ýere akdyrmak üçin ýurdumyzyň hojalygara we esasy zeýkeşlerini bitewi ulgama birleşdirmekden, zeýkeşleriň ugrunda şora çydamly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden, öri meýdanlaryny täzeden dikeltmekden, zeý suwlaryndan dolan howuzlarda balykçylyk hojalyklaryny ösdürmekden ybarat bolup durýar.
Garagumda uly emeli suw howdanynyň döredilmegi Türkmenistanyň suwarymly meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ekerançylykda hasyllylygy ýokarlandyrmakda, ýerleriň şorlamagynyň we topraklaryň zaýalanmagynyň öňüni almakda örän möhüm ähmiýete eýedir. Kölüň ulanmaga berilmegi, diňe bir ekologiýa däl-de, oba hojalygyna degişli birnäçe beýleki wajyp meseleleriň çözülmegine hem mümkinçilik berer.
Geljekde ähli zeýkeşlerdäki suwlaryň zeýkeş ulgamy arkaly Türkmen kölüne akdyrylmagy netijesinde Amyderýanyň hapalanmagyny azaltmaga we derýanyň aşaky akymlarynda suwuň hilini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen kölüniň döredilmegi bilen bagly ekologik çäreleriň amala aşyrylmagynyň halkara konwensiýalarynyň, şol sanda BMG-niň çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň, Ramsar we Bonn Konwensiýalarynyň, BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň we biologik dürlülik boýunça konwensiýanyň ýörelgelerine, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň transserhet suw akabalaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Helsinki konwensiýasynyň we suw meseleleri we adamlaryň saglygyna degişli meseleler boýunça Teswirnamanyň many-mazmunyna we talaplaryna laýyk gelýär.
Garagumdaky ýerleri we öri meýdanlaryny zeý suwlarynyň basmagy derwaýys ekologik mesele bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmen kölüniň ulanylmagy bilen baglylykda, tutuş zeýkeş ulgamyndan göwnejaý peýdalanylmagy Merkezi Garagumdaky ep-esli meýdanlarda şol möhüm ähmiýetli wezipäniň çözülmegine ýardam berer.
Çala minerallaşan zeý suwlaryny gaýtadan ulanmak şora çydamly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň hasabyna ygtybarly ot-iýmlik binýadyň döredilmegi netijesinde maldarçylygy ösdürmegiň esasy mümkinçilikleriniň biri bolup durýar. Munuň özi çöldäki öri meýdanlaryň biologik dürlüliginiň gowulandyrylmagyna we bularyň önümliliginiň artdyrylmagyna, Türkmen kölüniň esasy zeýkeşlerinde we suw howdanlarynda ýöriteleşdirilen balykçylyk hojalyklarynyň döredilmegine ýardam berýär.
Adam eli bilen emele gelen Garagumuň içindäki emeli Türkmen köli hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde bolup durýar. 2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we Ak ýaýlada Garagumuň merkezinde ýerleşýän suw desgasynda bolup, “Altyn asyr” Türkmen köli we onuň töweregindäki häzirki zaman täze oba hem-de ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk üçin guruljak desgalar bilen içgin gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň Serdar etrabynda, ýagny Garagumuň içinden geçýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde täze obanyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy we täze obanyň gurluşygyna ak pata berdi. Şeýlelikde, ol ýerde döwrebap edara-kärhanalar, ýaşaýyş jaýlary dörär. Birnäçe iş orunlary peýda bolup, gök zolakly tokaýlar emele geler.
Şeýle il-ýurt bähbitli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Rejepgeldi BABALYÝEW,
TDSM-niň Aşgabadyň panbarhat
fabriginiň hünärmeni.