Redýard Kipling
Iňlis ýazyjysy, şahyry we nowellaçysy Jozef Redýard Kiplingiň asly angliýaly gurply daýhan maşgaladan bolupdyr. Geljekki ýazyjy 1865-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Hindistanyň Bombeý şäherinde dünýä inýär. Şol wagtlar onuň kakasy Jon Lokwud Kipling Bombeýiň sungat mekdebiniň rektory we professory eken. Ejesi Alisa Makdonaldyň edebiýata özboluşly üşügi bolup, dürli neşirlerde eserleri çap edilipdir. Şeýlelikde, maşgaladaky edebi döredijilik çaganyň ruhy ösüşinde oňaýly şertleri döredipdir. Ene-atasy Redýardy 6 ýaşyndaka kiçi uýasy bilen birlikde arassa iňlis dilini özleşdirmegi üçin Angliýa ugradýar. Olary çaga terbiýesi bilen meşgullanýan hususy okuw mekdebine ýerleşdirýärler. Oglanjygyň bu ýerde başdan geçiren kynçylyklary soňra onuň “Gotur goýun” atly hekaýasynda öz beýanyny tapýar.
12 ýaşyna baranda Kiplingi Dewon graflygyndaky “Westward-Ho” mekdebine berýärler. Bu ýerde abraýly harby akademiýa girmek üçin geljekki serkerdeler taýýarlanylypdyr. Kipling bu barada “Stalky & Co.” atly kitabynda beýan edýär. Kipling 1882-nji ýylda uzakdan görmeýänligi sebäpli, bu mekdebi taşlamaly bolýar.
Redýard Angliýada 11 ýyl ýaşap, Hindistana dolanýar. Ol öwrenişen ýerinden gitmek islemeýär. Ol özüniň ilkinji söýgüsi bolan Florens Gerrardy hem goýup gitmäge mejbur bolýar. Bu gyz soňra onuň “Sönen şamçyrag” romanynyň gahrymanlarynyň birine öwrülýär.
Redýard Hindistana tiz uýgunlaşýar. Ol basym ýerli “hindustani” dilinde erkin gürläp ugraýar. Döredijilik işi Redýarda galamyny ýiteltmäge we Hindistany has gowy tanatmaga mümkinçilik berýär. Hekaýalary we goşgulary oňa meşhurlyk getirýär. Kiplingiň gahrymanlary köplenç, emeldarlar, lukmanlar, esgerler we serkerdeler bolupdyr.
Kipling ýazyjy hökmünde Hindistanda kemala gelýär. Megerem, iňlislere Kiplingsiz XIX asyryň ikinji ýarymynda Hindistanyň neneňsi ýurtdugyny tanamak başartmasa-da başartmazdy. Ýazyjy iňlisler üçin bu ýurdy açanda, ol ejesiniň aýdan “Diňe Angliýany bilýän, ony bilýän däldir” diýen sözlerini hemişe ýatlapdyr.
Kipling şol bir wagtyň özünde şahyr we prozaçy hökmünde adygyp ugraýar. Onuň 1886-njy ýylda neşir edilen “Depertament aýdymy” atly ilkinji goşgular ýygyndysy, şeýle tiz satylyp gutarypdyr welin, şol ýylyň özünde gaýtadan çap edilipdir. Iki ýyl soňra bolsa, “Baýyrlar barada ýönekeý hekaýalar” atly nowellalar ýygyndysy peýda bolýar. 1887-nji ýyldan 1889-njy ýyla çenli Kiplingiň gysga hekaýalardan ybarat alty ýygyndysy neşir edilýär. Bu ýygyndylar oňa Hindistanda we Britan imperiýasynyň ähli ýerinde uly meşhurlyk getirýär.
Ýazyjy 1889-njy ýylyň ahyrlarynda Angliýany küýsäp ugraýar. Kipling öz watanyna Ýaponiýanyň we Demirgazyk Amerikanyň üsti bilen ýola düşýär. Onuň maddy ýagdaýynyň gowy bolmagy uzak syýahaty amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. London Kiplingi tanymal edebiýatçy hökmünde uly şatlyk bilen garşy alýar. Kipling Londonda iňlis awtorlary bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen Angliýa gelen ýaş amerikan neşirýatçysy Wolkott Balestier bilen tanyş bolýar.
Kipling 1892-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Balestieriň uýasy Karolina öýlenýär. Şeýlelikde, ýazyjynyň durmuşynyň amerikan döwri başlaýar. Olar ABŞ-da ýaşap, Londona dolananlarynda eýýäm üç çagalary bardy. 1899-njy ýylda Kiplingiň gyzy Redýard Jozefina öýken sowuklamasyndan aradan çykýar. Okyjylar bu pajyganyň ýazyja nähili agyr degendigini diňe onuň “Olar” diýen hekaýasyny okanlaryndan soň bilip galýarlar. Amerikan döwri Kiplingiň döredijiliginiň iň önjeýli ýyllary bolan bolsa gerek. Köp sanly hekaýalaryndan, romanlaryndan, nowellalaryndan başga-da “Jeňňelleriň kitaby” we “Ýönekeý ertekiler” atly iki kitaby ýazyja ägirt uly meşhurlyk getirýär. Ýyllaryň geçmegi bilen bu eserler iň gowy çagalar ýazyjysy hökmünde Kiplingiň şöhratyny müdimileşdirýär. Onuň meşhur romany “Kim”-de bolsa, ýetim oglanyň durmuşy täsirli beýan edilýär.
Kipling 1902-nji ýylda Sussek graflygynda şäheriň daşyndan jaý satyn alyp, ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşaýar. Ol diňe bir eserlerini döretmek bilen çäklenmän, jemgyýetçilik-syýasy işler bilen hem meşgullanýar. Ol 1907-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Şol ýyl ýazyjy Angliýanyň iri uniwersitetleriniň hormatly atlary, Parižiň, Strasburgyň we Torontonyň iň ýokary baýraklary bilen sylaglanýar. Birinji jahan urşunda ýeke-täk ogly Jonuň aradan çykmagy oňa gaty agyr degýär. 1933-nji ýylda Kiplingiň saglyk ýagdaýy duýdansyz ýaramazlaşýar. Ol 1936-njy ýylyň başynda özüni bejertmek üçin Kanna gitmegi ýüregine düwýär, ýöne ol diňe Londona çenli aşyp bilipdir. Jozef Redýard Kipling 1936-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda aradan çykýar.