Güýz paslynyň gelmegi bilen has köp ýagyş ýagyp başlaýar. Eýsem, ýagyş näme üçin damja görnüşinde ýagýar, olaryň şekili nähilikä?! Ýagyş damjalary ýokarsy süýri, aşagy tegelek görnüşinde suratlandyrylýar. Ol hakykatdan hem şeýlemikä?! Ýagyş damjasy göni bulutdan çykyp gaýdýarmy?! Geliň, bu sowallaryň gysgaça jogabyny öwreneliň!
Ýagyşyň şekili bulutdan çykan wagtyndaky ýaly togalak bolýar. Top şekilli bolmagynyň sebäbi, damjanyň daşyndaky tekizligiň dartgynlygy bilen baglydyr. Ýagny damjanyň içindäki suw molekulalary bir-birini çekýärler. Şeýlelikde, diňe damjanyň merkezine tarap dartyş bolýandygy sebäpli, daşy deprek ýaly dartylyp duran togalak şekilli suw damjalary emele gelýär. Hatda otlaryň üstüne düşen çyg ýa-da ýagyş damjasynyň üstünde kiçeňräk mör-möjekler ýöräp hem bilýärler.
Bulutdan aýrylan damjalar Ýeriň dartyş güýjüniň täsiri bilen aşaklygyna gaýdýar. Damjalar ýere düşýänçä bir-birine degip, has uly damjalara öwrülýärler. Olaryň tizligi sagatda 8-30 kilometr aralygynda üýtgeýär. Has uly damjalaryň aşagy howanyň garşylyk görkezmegi netijesinde biraz tekiz bolýar. Ýagny iri damjalar ownuk damjalardan tapawutlylykda biraz ýasy bolýar. Umuman, ýagyş damjalary suratlarda görkezilişi ýaly aşagy togalak, ýokarsy çürelip gidýän görnüşli bolmaýar.