Hiç hi­li ba­ha­sy ýok hem bol­sa, ma­te­ma­ti­ka­ny nol­suz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Is­len­dik sa­ny no­la kö­pel­tseň ol nol bol­ýar. Goş­mak­da we aýyr­mak­da bol­sa hiç hi­li tä­si­ri ýok. Beý­le­ki ylym­lar bi­len bir ha­tar­da ma­te­ma­ti­ka hem ýüz­ler­çe ýy­lyň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di. Eý­sem, bu san ha­çan peý­da bol­du­ka?! No­luň il­kin­ji ge­zek Mi­la­dy­dan ozal­ky 700-nji ýyl­lar­da Me­so­po­ta­mi­ýa­da­ky me­de­ni­ýet­ler­de ast­ro­no­mi­ýa yl­myn­da ula­ny­lan­dy­gy­ny ta­ry­hy çeş­me­ler­den gör­mek bol­ýar. “0” ýok­lu­gy ala­mat­lan­dyr­ýan­dy­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. II asyr­da grek­le­r ýok­lu­gy ala­mat­lan­dyr­mak üçin içi boş şe­ki­li ula­nyp­dyr­lar. Em­ma alym­lar hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan “0” ala­ma­ty­ny il­kin­ji bo­lup, hin­di­le­riň ula­nan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Gün­do­gar me­de­ni­ýe­tin­de no­ly il­kin­ji bo­lup Mu­ham­met ibn Mu­sa al-Ho­rez­mi­niň ula­nan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Meş­hur ma­te­ma­tik arif­me­tik amal­lar­da “9” sa­ny bi­len bi­le­lik­de “0” sa­ny­ny hem ula­nyp­dyr. Ho­rez­mi­niň no­luň ula­ny­ly­şy bi­len bag­ly ýa­zan ki­tap­la­ry la­tyn­ça ter­ji­me edi­lip, gün­ba­tar­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Gün­ba­tar­ly alym­la­ryň no­ly has soň­ky asyr­lar­da ula­nyp baş­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Öň­ki dö­wür­ler­de Ýew­ro­pa­da Rim sifr­le­ri ula­ny­lyp­dyr. Rim sifr­le­rin­de bol­sa nol bol­man­dyr. No­luň ta­pyl­ma­gy bi­len on­luk ul­gam hem ýü­ze çyk­ýar. Adat­ça, san­lar po­lo­ži­tel we ot­ri­sa­tel gör­nü­şin­de ikä bö­lün­ýär. Nol ola­ryň iki­si­ne hem de­giş­li däl. Şol se­bäp­li nol di­ňe bir san hök­mün­de däl, baş­lan­gyç no­ka­dy hök­mün­de hem ula­nyl­ýar. Nol oý­la­nyp ta­pyl­maz­dan ozal ma­te­ma­ti­ki ha­sap­la­ma­la­r örän kyn bo­lup­dyr. Nol san­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lan­dan soň­ra, on­luk ul­gam dö­re­di­lip­dir we ha­sap­la­ma­lar örän aň­sat bo­lup­dyr. No­luň ta­pyl­ma­gy ma­te­ma­ti­ka­da­ky iň esa­sy açyş­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.