Gi­ňiş­le­ýin ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar Ama­zon­ka to­kaý­ly­gyn­da­ky agaç­la­ry ka­ta­log­laş­dyr­mak üçin 3 asy­ryň ge­rek­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy. Yl­my bar­la­gyň çäk­le­rin­de soň­ky 300 ýyl­da mu­zeý­ler­den ýyg­na­lan 500 müň tö­we­re­gi aga­jyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Onuň ne­ti­je­le­ri “Scien­ti­fic Re­ports” at­ly žur­nal­da çap edil­di. Hü­när­men­ler hä­zi­re çen­li 12 müň agaç gör­nü­şi­ni ta­pyp­dyr­lar. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, ýe­ne-de anyk­lan­ma­ly we haý­sy maş­ga­la de­giş­li­di­gi kes­git­len­me­li 4 müň tö­we­re­gi ösüm­li­giň bar­dy­gy mä­lim edil­di.
Alym­lar agaç­la­ryň synp­la­ra bö­lün­me­gi­niň dün­ýä­niň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi taý­dan iň baý ýe­ri bo­lan Ama­zon­ka bas­seý­ni­ni go­ra­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Yl­my bar­la­ga gat­na­şan Gol­lan­di­ýa­nyň Leý­den şä­he­rin­dä­ki “Na­tu­ra­lis Bio­diver­si­ty Cent­re” yl­my mer­ke­ziň hü­när­me­ni dok­tor Hans ter Sti­ge tä­ze sa­na­wyň Ama­zon­da haý­sy agaç­la­ryň bar­dy­gy ba­ra­da jik­me-jik mag­lu­mat ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu bol­sa, ola­ry go­rap sak­la­ma­ga ýar­dam eder.
Yl­my bar­lag­lar dün­ýä­dä­ki mu­zeý eks­po­nat­la­ry­nyň elekt­ron mag­lu­mat­la­ry­nyň taý­ýar­lan­ma­gy ar­ka­ly ge­çi­ril­di.