Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hem-de häzirki döwürde kanun çykaryjylyk işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanunçykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtap geçdi.
Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz Konstitusion toparyň ýurdumyzyň Mejlisi, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikleri we pudak edaralary, syýasy partiýalary hem-de jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýet edaralary we raýatlarymyz bilen ysnyşykly işläp, bu ugurda degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin giň gerimli işleri ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň taryhy başlangyçlary we teklipleri biragyzdan goldanylyp, ýurdumyzda özgertmeleriň täze tapgyryna gadam basyldy. Bu başlangyçlar ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň täze tapgyry bolan-konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmegiň başyny başlady.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüşinde uly orun tutýar. Bu umumymilli forumda birnäçe möhüm çözgütler kabul edilip, şol çözgütler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okgunly ösüşine öz saldamly goşandyny goşýar. Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek, onuň döwlet gurluşyndaky hem-de jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek bilen bagly özgertmeler milli kanunçylygymyzyň mundan beýläk-de kämilleşmegine ýardam berer we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde berk binýat bolup hyzmat eder. Milli kanun çykaryjy edaranyň işiniň iki palataly ulgama geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygy baradaky konstitusion kadalaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we geçirilýän konstitusion özgertmeleriň demokratik-hukuk we dünýewi döwletimiziň täze taryhy döwre gönükdirilen maksatlaryna ygtybarly hukuk binýady bolar.
Guwanç SEÝDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Halk Maslahatynyň agzasy.