Aý­da­ra söz ýok. Örän ajap! Ýa­kyn dos­tum öý şert­le­rin­de sak­la­nyl­ýan jyn­ju niao­la­ryň — dür guş­la­ry­nyň jü­bü­ti­ni ma­ňa sow­gat et­di. Men ola­ry bam­buk şa­ha­la­ryn­dan örü­len ka­pa­sa­da ýer­leş­dir­dim. Onuň için­de guş­la­ra ra­hat hem-de ýy­ly bo­lar ýa­ly gu­ran ot­lar­dan tow­lam-tow­lam edi­lip ýa­sa­lan hö­würt­ge hem bar­dy. Men bu guş­la­ryň ju­da ür­kek bol­ýan­dy­gy­ny eşi­dip­dim.
Ga­raz, guş­ly ka­pa­sa­ny pen­ji­rä­niň öňün­de, açyk ak reňk­li or­hi­de­ýa gü­lü­niň ýa­nyn­da asyp goý­dum. Gü­lüň uzyn­dan ge­len owun­jak ýap­rak­ly şa­ha­la­ry­ny ka­pa­sa­nyň üs­tü­ne dyr­maş­dy­ryp­dym. Örän tä­sin gör­nüş eme­le gel­di. Öz ýa­nym­dan bu saz­la­şy­gy süm­me to­kaý­ly­ga meň­zet­dim. Guş­la­ryň ýi­ti, şi­rin owaz­la­ry bu gör­nü­şe aý­ra­tyn görk ber­ýär­di. Ha­ma­la di­ýer­siň, bi­ri di­ar saz gu­ra­ly­ny ça­lyp du­ran ýa­ly­dy. Onuň nä­zik­den ge­len my­la­ýym se­si ju­da öz­bo­luş­ly­dy.
Gün şöh­le­si pen­ji­re­den dü­şen­de, or­hi­de­ýa­nyň ýal­pak ta­ba­gy ýa­da sal­ýan ýap­rak­la­ry­nyň ýü­zi ga­raň­ky, ar­ka ta­ra­py ýag­ty gö­rün­ýär­di. Gül ýap­rak­la­ry­nyň ara­syn­da hat­da guş ka­pa­sa­sy­nyň bar­dy­gy­ny­-da saý­ga­ryp bo­la­nok­dy. Ýö­ne ola­ryň eý­je­jik, gel­şik­li­je gy­zyl reňk­li çüňk­le­ri­ni ýa­şyl ýap­rak­la­ryň ara­syn­dan çy­ka­ryp­jyk otu­ryş­la­ry­ny syn­la­mak diý­seň ýa­kym­ly­dy.
Men aram-aram gül ýap­rak­la­ry­nyň ara­la­ry­ny açyş­dy­ryp, guş­la­ry syn­lar­dym. Şol ma­hal olar hem bo­ýun­jyk­la­ry­ny süýn­dü­ri­şip, ma­ňa se­re­di­şer­di­ler. Ga­raz, biz kem-kem bi­rek-bi­re­ge go­wy öw­re­niş­dik.
Üç aý ge­çen­den soň­ra, ol ga­ba­ry­lyp otu­ran ýa­şyl ýap­rak­la­ryň aňyr­syn­dan ýi­ti­je­den in­çe, şi­rin­je ses eşi­dil­di. Men ýag­da­ýy aň­dym. Guş­lar jüý­je­läp­dir­ler. In­di men nä­me et­me­li? Men bir za­dy — ýap­rak­la­ryň ara­sy­ny açyp, ola­ry syn­la­mak üçin guş­la­ry bi­ma­za et­me­li däl­di­gi­mi bil­ýär­dim. Hat-da, iým­dir suw be­re­nim­de-de, öň­kü­le­ri­me gö­rä, has se­re­sap bol­ma­ly­dym. Şol gün­den uzak wagt geç­män, ýap­rak­la­ryň ara­syn­dan ki­çi­jek, na­şy­ja jüý­je­jik bo­ýun­jy­gy­ny uza­dyp ug­ra­dy. Men ony syn­lap otur­şy­ma: «Ol edil ka­ka­sy­na meň­zeş» di­ýip pi­kir et­dim.
Ol en­tek ki­çi­jik. Di­ňe how­luk­man­jyk öý­ja­gaz­dan göw­re­si­ni çy­kar­ýar. Syn­la­dy­gym­ça, ony eje­si­ne-de meň­ze­dip ug­ra­dym. Gy­zyl çüň­kü­dir gy­zyl­ja aýak­la­ry, ça­lym­tyk gök­je ýe­lek­le­ri bar. Ýö­ne en­teg-ä ar­ka­syn­da dü­ri ýat­la­dyp du­ran te­ge­le­jik ak teg­mil­le­riň bar­dy­gy bil­di­re­nok. Ol şeý­le bir to­kar­ja we­lin, tu­tuş göw­re­si da­şyn­dan edil my­myk ýe­lek­li top­ja­ga­zy ýa­dy­ňa sal­ýar­dy.
Il­kibaş­da bez­zat­ja jüý­je­jik kän bir he­re­ket et­mez­di. Ýö­ne, so­ňa-ba­ka ol ka­pa­sa­nyň için­de iki ýa­na uç­ma­ga uý­gun­laş­dy. Şeý­di­bem çe­mi­ni ta­pyp, ka­pa­sa­nyň da­şy­na uçup çyk­dy-da, goş şkafy­nyň ýo­kar­sy­na gon­dy. Soň­ra has ba­tyr­la­şan­dyr-da — ki­tap tek­je­si­niň iň ýo­kar­ky çe­ti­ne uçup bar­dy-da, ki­tap­la­ryň bi­ri­niň ýü­zün­dä­ki hat­la­ry çok­ja­la­ma­ga baş­la­dy. Ahyr­so­ňam çy­ra­nyň mis si­min­de sak­lan­dy-da, ony he­re­ke­te ge­ti­rip, ikiba­ka yran­ma­ga baş­la­dy. Onuň ahyr­ky pel­le­ha­na­sy di­war­da asyl­gy su­ra­tyň çar­çu­wa­sy bol­dy. Ol di­ňe ka­pa­sa­da­ky beý­le­ki guş­la­ryň how­sa­la­ly jür­kül­di­le­ri­ni eşi­de­nin­de, yzy­na do­lan­dy.
Şeý­le ýag­daý gün­de gaý­ta­la­nyp ug­ra­dy. Ol nä­hi­li hok­ga çy­kar­sa-da, ses­siz çy­dap otur­dym. Geň ýe­ri, bez­zat di­war­dan asyl­gy su­ra­tyň çar­çu­wa­syn­da eý­läk-beý­läk ýö­räp ýör­şü­ne, da­şa­ryk uçup çy­ka­ýyn hem di­ýe­nok­dy. Gün­sa­ýyn do­gum­lan­ýan bez­zat­jyk bir gün me­niň iş sto­lu­ma ge­lip gon­dy.
Bez­zat baş­da men­den bel­li bir ara­çäk sak­la­dy. Ze­lel ýe­tir­me­je­gi­mi bi­le­nin­den soň­ra, ýu­waş-ýu­waş­dan ýa­kyn­laş­ma­ga baş­la­dy. Ne­ti­je­de, çaý­ly bul­gu­ry­ma go­nup, oňa çüňk­ja­ga­zy­ny ba­tyr­dy. Eden işi­niň ne­ti­je­si­ni gör­jek bol­ýan ýa­ly «ýalt» edip, ma­ňa se­ret­di-de, me­niň gar­şy däl­di­gi­mi hem gö­rüp, ýe­ne-de şol he­re­ke­ti­ni gaý­ta­la­dy. Men ony ür­küz­mez­lik üçin gy­myl­da­man otur­yşy­ma ýyl­gy­ryp, hat-pe­te­gim bi­len bo­lu­ber­dim. Mu­ny gö­rüp has-da ba­tyr­la­nan jüý­je­jik gol­ýaz­ma ka­gyz­la­ry­myň üs­tü­ne gon­dy. Me­niň sy­ýa­ly ga­la­my­myň ýi­ti­je uju­nyň iki ýa­na ge­lip-gi­di­şi­ne öý­kü­nip, etene aýa­jyk­la­ry bi­len jom­pul­dap, tä­sin­je he­re­ket­ler et­di.
Men as­sy­ryn­lyk bi­len bir otury­şy­my üýt­get­män, onuň he­re­ket­le­ri­ni syn­lap, ýaz­ma­gy­my do­wam et­dir­dim. Bez­zat­jy­gyň he­re­ket­le­ri­ni ýa­kyn­dan syn­la­mak diý­seň lez­zet­li­di. Bu ýag­da­ýyň tä­si­rin­den ol hem do­lu­ly­gy­na ra­hat­lyk tap­dy otu­ry­ber­di. Ol gy­zyl­ja çüňk­ja­ga­zy bi­len elim­dä­ki sy­ýa ga­la­my­myň uju­ny çok­ja­la­dy. Men bir elim bi­len onuň ýum­şa­jyk ýe­lek­le­ri­ni sy­pa­la­ma­ga dur­dum. Ol şon­da-da ürk­je­gem bol­man, şol bir ra­hat­ly­gy­ny sak­lap, mäh­ri­ban­lyk bi­len me­niň bar­mak­la­ry­my çok­ja­la­ma­ga baş­la­dy.
Bir­de­nem, ol bök­di-de, ge­lip gap­da­lym­da­ky aý­na ga­byň içi­ne gir­di. Şol ýer­de otur­yşy­na, ma­ňa göz aý­la­dy. Ol in­di men­den as­la gork­ma­ýar­dy. Me­nem ala­ga-da, ýaň­ky aý­na ga­byň ag­zy­ny elim bi­len ýap­dym. Ýö­ne, der­re­wem aç­dym. Geň ýe­ri, bez­zat­jyk me­niň bu he­re­ke­ti­miň oýun­dy­gy­na dü­şü­nen ýa­ly, şon­dan so­ňam ga­çyp git­jek bol­ma­dy.
Gün­dü­zi­ne ol şeý­dip ga­ra­gol­luk edip, me­niň hem gü­nü­mi gy­zyk­ly ge­çir­se, gün ýaş­dy­gy bes, ka­pa­sa­dan gel­ýän jür­kül­di­ni eşi­den­den yzy­na do­la­nar­dy. Ki­çi­jik pök­gü­jik ýa­ly jomp-jomp edip, bär­den bar­şy­na ýa­şyl­ja ýap­ra­jyk­la­ryň ara­sy­na sü­mü­lip gi­di­be­rer­di.
Ine, bir gü­nem işim bi­len bo­lup, ýa­zyp otyr­dym. Ol ga­ra­şyl­ma­dyk ýer­den me­niň eg­ni­me gon­dy. Men onuň gor­kup uçaý­ma­syn­dan äti­ýaç edip, ýaz­ma­gy­my bes et­dim. Bir­sa­lym­dan, usul­luk bi­len se­ret­sem, ýaň­ky ba­tyr­ja jüý­je­jik boý­nu­ma gys­myl­jy­rap ýatyp ga­lyp­dyr. Eg­ni­mi ýu­waş­lyk bi­len he­re­ket­len­dir­se­mem ol oýan­ma­ly­dy­ram öýt­me­di. Çy­ny bi­len süý­ji uka gi­dip­dir. Şol wagt me­niň kel­lä­me şu­ja­gaz jüý­je­ji­gem düýş gö­rüp bil­ýär­mi­kä di­ýen so­wal gel­di-de, oňa se­re­dip ýyl­gyr­dym.
Şol tä­sin so­wal hem-de jüý­je­ji­giň pa­ra­hat uk­lap­jyk ýa­ty­şy elim­dä­ki ga­la­my­my he­re­ke­te ge­tir­di, ak ka­gy­za şeý­le se­tir­ler ýa­zyl­dy: ynam — daş-tö­we­rek­de aja­ýyp­ly­gy eme­le ge­tir­ýän saz­laý­jy güýç­dür.

Fen Szisaý öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi

Dür­li ýyl­lar­da ne­şir edi­len ki­tap­la­ry­nyň üs­ti bi­len en­çe­me he­ka­ýa­la­ry­dyr po­west­le­ri, ro­man­la­ry hal­ka gow­şan, bir­nä­çe ede­bi baý­rak­la­ryň eýe­si, hä­zir­ki dö­wür­de iň bir söý­lüp okal­ýan hy­taý ýa­zy­jy­la­ry­nyň bi­ri-de Fen Szisaýdyr. Ol 1942-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň iri dört şä­he­ri­niň bi­ri bo­lan T­ýanszin­de dün­ýä in­ýär. Fen ýaş­lyk­dan su­rat çek­mek, ede­bi­ýat hem-de sport bi­len gy­zyk­la­nyp­dyr. Soň­lu­gy bi­len su­rat­keş­lik sun­ga­ty ony has özü­ne çe­kip ug­rap­dyr. Ol hat­da hä­li-hä­zi­rem, ýa­zy­jy­ly­gy bi­len bir ha­tar­da su­rat­keş­lik bi­le­nem çyn­la­kaý meş­gul­lan­ýar. Ýö­ne Fen Szisaý ýa­zy­jy hök­mün­de has meş­hur­dyr. Onuň «Dur­mu­şa sag bol­sun aýd­ýa­ryn», «Dag ýü­ki eg­nim­de» at­ly kys­sa eser­le­ri Fran­si­ýa­da, Şweý­sa­ri­ýa­da ede­bi baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy. Ýa­zy­jy­nyň eser­le­ri ne­mes, ýa­pon, rus we beý­le­ki bir­nä­çe dil­ler­de ne­şir edil­di.

Hytaý dilinden terjime eden
Mähriban GELENOWA.