In­že­ner­ler tä­ze zat­la­ry oý­lap ta­pan­la­ryn­da, te­bi­gat­da­ky jan­ly-jan­dar­lar­dan we ha­dy­sa­lar­dan yl­ham al­ýar­lar. My­sal üçin, ho­wa gä­mi­le­ri iş­le­nip dü­zü­len­de guş­la­ryň, su­was­ty gä­mi­ler dö­re­di­len­de de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň be­den gur­luş­la­ry­na we he­re­ket­le­ri­ne öý­kü­nil­ýär. Mu­ňa bio­mi­mik­ri­ýa (bioöý­kün­me) di­ýil­ýär. Adam­lar haý­wan­la­ryň di­ňe be­den gur­luş­la­ry­ndan däl, eý­sem, he­re­ket­le­rin­den hem köp zat­la­ry öw­ren­ýär­ler.

Go­laý­da bi­ler­men­ler iri şä­her­le­riň kö­pü­sin­de dö­re­ýän ýol dyk­ny­şyk­la­ry­ny azalt­mak üçin ga­ryn­ja­la­ry öw­ren­di­ler. ABŞ-nyň Ari­zo­na uni­wer­si­te­ti­niň we Fran­si­ýa­nyň Tu­lu­za uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gär­le­ri bu ugur­da bar­lag ge­çir­di­ler. Bu ba­ra­da­ky yl­my ma­ka­la “eLi­fe” žur­na­lyn­da çap edil­di. Bar­lag­da alym­la­ryň esa­sy ün­sü­ni çe­ken zat ga­ryn­ja­la­ryň hiç hi­li dur­maz­dan he­re­ket et­me­gi bo­lup­dyr. Yl­my to­par 400-den 25600-e çen­li ag­za­sy bo­lan ga­ryn­ja ko­lo­ni­ýa­la­ry­na iý­mit ber­mek ar­ka­ly bel­li bir ara­lyk­da ýö­re­me­gi­ni üp­jün et­di­ler. Ola­ryň he­re­ket­le­ri ýaz­ga al­nyp ýa­kyn­dan öw­re­ni­lip­dir. Sy­na­gyň çäk­le­rin­de di­ňe iki ga­ryn­ja syg­jak ýe­ras­ty ýol­lar dö­re­dil­di. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, olar sä­gin­mez­den ýo­lu­ny do­wam et­dir­di­ler. Ga­ryn­ja­la­ryň he­re­ke­ti bir­sy­dyr­gyn, bir-bi­ri­ni kak­maz­dan saz­la­şyk­ly ýag­daý­da do­wam et­di. Ga­ryn­ja­lar ýol­da­ky dyk­ny­şyk­ly­gyň de­re­je­si­ne gö­rä tiz­li­gi­ni saz­lap, haý­sy­dyr bir päs­gel­çi­li­giň öňü­ni al­ma­gy ba­şar­dy­lar. Sy­nag ma­ha­lyn­da ýo­luň do­lu­ly­gy 80 gö­te­ri­me çen­li ýet­di. My­sal üçin, iki ga­ryn­ja ge­çip bil­ýän ýer­de, üçün­ji ga­ryn­ja ara gi­rip, beý­le­ki­den oz­ma­ga sy­na­nyş­ma­ýar we şeý­le­lik­de, hiç hi­li dyk­ny­şyk­lyk ýü­ze çyk­ma­ýar. Olar ge­zek­li-ge­ze­gi­ne geç­me­gi­ni do­wam e­d­ýär­ler. Yl­my ma­ka­la­da ga­ryn­ja­la­ryň äh­li­si­niň bir mak­sa­da gul­luk ed­ýän­di­gi we şo­ňa gö­rä he­re­ket ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Ol bol­sa, ko­lo­ni­ýa­nyň do­wam et­me­gin­den yba­rat. Şol se­bäp­li, ga­ryn­ja­lar hin­le­ri­ni azyk­dan dol­dur­mak üçin bi­le­lik­de he­re­ket ed­ýär­ler.