UMYT
Mekdebimiziň sport meýdançasynda ýerli futbol toparlarynyň duşuşygy geçirilýärdi. Oýna biraz gijräk baranym üçin şowhun bilen tomaşa edýän oglanlaryň birinden:
– Hasap näçe boldy? – diýip soradym. Ol göýä biziň janköýerlik edýän toparymyz ýeňiş gazanyp barýan ýaly keýpiköklük bilen:
– Olar bizden 3 utuk öňde! – diýdi.
Ilkibada oňa ynanjagymy-da, ynanmajagymy-da bilmedim. Dogrusy, oýun edýändir öýdüp, biraz gaharymam geldi:
– Çynyňmy? Onda näme üçin sen biziň ýeňlişimize begenip otyrsyň? – diýip soradym. Ol:
– Näme üçin gynanaýyn? Entek oýnuň soňky jürlewügi çalnanog-a?! – diýip, ýüzüme seretdi.
Men aýdara söz tapman, onuň bilen islesem-islemesem ylalaşmaly boldum.
Agşam öýe gelenimde aňymda hälki oglanyň sowalyny gaýtaladym: “Näme üçin tamamlanmadyk oýun üçin gynanmaly? Durmuş hem edil futbol oýny ýaly. Üstünlik gazanmak üçin hiç-haçan umydyňy ýitirmeli däl. “Çykmadyk janda umyt bar” diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr ahyry”.
HEMMÄNIŇ GÖWNÜNI
AWLAP BOLMAÝAR
Günlerde bir gün ataly-ogul eşegini idip bazara barýan eken. Bir atly olaryň yzyndan ýetipdir-de:
– Eşegi münmejek bolsaňyz, ony ýola alyp çykmak nämä derkar? – diýipdir. Onuň sözlerini öz ýanyndan makullan kişi ogluny eşege mündürip, ýoluny dowam etdirýär.
Olar birnäçe wagt ýöränden soň, meýlis gurap oturan ýigitleriň üstünden barýarlar. Ýigitleriň biri:
– Oňa serediň-ä, özi eşege münüp, kakasyny pyýada ýöredýän oglanlaram bar-ow – diýýär. Onuň bu sözi oglana agyr degýär. Ol öz-özüne gahar edip, dessine kakasy bilen ýerini çalyşýar. Olar uzak ýöremänkä öňlerinden bir aýal çykýar-da:
– Her hili adam bar-ow, ýaşajyk oglanjygy paý-pyýada ýöredip, utanman eşekli barýan ata serediň-ä – diýýär. Aýalyň sözlerine utanmakdan ýaňa ýere girip bilmedik hälki kişi oglunam artlaşdyryp, ýene ýola rowana bolýarlar. Olar bazaryň bir çetinden girende satyjylardan biri:
– Serediň-ä bulara, iki bolup, bir horajyk eşege artlaşyp gelýärler – diýipdir. Şonda hälki kişi her näme etseňem, barybir hemmeleriň göwnüni awlap bolmajagyna göz ýetiripdir.
Terjime eden Jemşit Durdyýew,
Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.