Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgesi esasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, senagat taýdan kuwwatly derejä çykarylmagy hem-de bäsleşikli önümleriň öndürilmegi ýaly ugurlarda hususy pudagyň hem orny barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Munuň netijesinde, ýurdumyzda önüm öndürmekde görnetin ösüşler gazanylyp, türkmen önümleri dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de onuň agzybir agzalary bu ugurda saldamly işleri alyp barýarlar. Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kanunçylyk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatda hem degişli işler geçirilip, “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanunçylyk namasynda bellenilip geçilişi ýaly, senagat we beýleki önümçilik düzümlerini, önümçilik-tehniki merkezlerini, innowasiýa işiniň merkezlerini, senagat zolaklaryny, şeýle hem ulag-logistika merkezlerini we beýleki bazar düzümlerini döretmek, agrosenagat toplumynyň we ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwatynyň ösmegine ýardam bermek, importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini goldamak hem-de içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilişini ilerletmek birleşmäniň esasy wezipeleri bolup durýar.
Şu ugurlarda zähmet çekýän türkmen telekeçileri soňky ýyllarda gurluşyk, söwda, hyzmat ediş, oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek ulgamlarynda ýokary ösüşleri gazanýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzy özgertmekde ýerine ýetirilýän işleriň guwandyryjy netijesi bolup durýar.
Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri dünýä bazarlarynda ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň halkara sergilerde yzygiderli görkezilmegi işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga we ýurdumyzda gazanylanlar bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berýär. Golaýda Ukraina döwletinde “WorldFood Ukraine 2019” atly halkara sergisine gatnaşan “Ýigit” hojalyk jemgyýeti serginiň diplomyna mynasyp boldy. Türkmen telekeçileri sergä ýurdumyzyň ýyladyşhana hojalyklarynda hem-de açyk toprakda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri, däneli we kösükli ekinleri bilen gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzdan getirilen üzüme, gawuna, mäşe, kakadylan pomidora uly isleg bildirdiler. Çärä jemgyýetçilik iýmiti we işewürlik ugurlarynda işleýänler hem işjeň gatnaşdylar. Bu ýerde iýmit önümlerini, içgileri öndürijileriň hem-de sarp edijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň ençemesi guraldy. Şu ýyl sergä dünýäniň 27 ýurdundan gelen 9 müňden gowrak adam aýlanyp gördi. Şeýle sergileriň ýurdumyzyň hususy pudagynda öndürilýän önümleriň daşarky bazarlara eksportyny artdyrmakdaky ähmiýeti uludyr.
Mundan başga-da, türkmen telekeçileri kir ýuwujy serişdeleri hem-de aýakgap ýaly harytlary hem daşary ýurt bazarlaryna eksport edýärler. Mundan ozal, şeýle harytlar biziň ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen bu önümleri öndürmäge doly kuwwatly ýurda öwrüldik. Ýurdumyzda öndürilýän “Röwşen” haryt nyşanly aýakgaplaryň Russiýa Federasiýasyna, Belarusa, Ukraina, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistana we Owganystana iberilmegi, “Güneş” kir ýuwujy serişdesiniň goňşy ýurtlara eksport edilmegi, ýurdumyzyň hususy pudagynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolandygyny hem-de bäsleşige ukyply türkmen önümleriniň hatarynyň giňeýändiginiň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda hususy pudagyň wekilleri senagat maksatly önümleriň önümçiligini hem giňden ýola goýýarlar. “Erjel-Begenç” hususy kärhanasy sementden, çagyldan we ýuwlan çägeden emeli mermer önümleriniň önümçiligini ýola goýdy. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän kärhana emeli mermeri öndürmek üçin Russiýadan getirilen öňdebaryjy tilsimatlar bilen üpjün edildi. Häzirki zaman tehnikasynyň kömegi bilen kärhananyň hünärmenleri diwarlar üçin bezeg plitalarynyň dürli görnüşlerini, ugurdaş önümleri, aýratyn hem hususy jaýlaryň içerki howlularyny bezemek üçin plitalary, şeýle-de uly ýollar we şäher ýanýodalary üçin bordýur plitalary öndürýär.
Umuman, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 11 ýyllyk işiniň dowamynda özüniň ukyplylygyny hem-de anyk işleri çözmekde uly kuwwata eýedigini görkezdi. Häzirki wagtda bu jemgyýetçilik guramasy özüne hususy işewürligiň wekilleriniň 23 müňden gowragyny birleşdirýär. Olara dürli ugurlarda iri möçberli döwlet taslamalaryny ýerine ýetirmek ynanylýar.
Töre ANNAMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mugallymy.