Sanly ykdysadyýet durmuşymyza günsaýyn ornaşýar. Köpler senagatda we gündelik durmuşda awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan ulgamlaryň adamlaryň hünärlerini elinden alyp, özleri ýerine ýetirer diýip pikir edýän bolmagy mümkin. Emma hünärmenler sanly tehnologiýanyň kömegi bilen täze hünärleriň peýda boljakdygyny aýdýarlar. Tehnologiýanyň kämilleşmegi adam eli bilen ýerine ýetirilýän işleri azaltsa-da, täze mümkinçilikleri açyp, iş orunlaryny köpelder. Hünärmenler emeli aň tehnologiýasynyň 140-dan gowrak täze hünäri döretjekdigini belleýärler. Bu hünärleriň arasynda “akylly” öý dizaýn dolandyryjysy, sanly tikinçi, sanly terapiýaçy, robopsiholog ýaly hünärler peýda bolar. Olaryň arasynda haýsydyr bir tehnologiýa degişli hünärmen-maslahatçylara has köp zerurlyk duýlar. Mysal üçin, “akylly” tehnologiýa bilen üpjün edilen öýde tehniki näsazlyk ýüze çyksa, kimden kömek soramaly? Bu meselede müşderä “akylly” öý dizaýn dolandyryjysy kömek eder.