San­ly yk­dy­sa­dy­ýet dur­mu­şy­my­za gün­sa­ýyn or­naş­ýar. Köp­ler se­na­gat­da we gün­de­lik dur­muş­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan we ro­bot­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ryň adam­la­ryň hü­när­le­ri­ni elin­den alyp, öz­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rer di­ýip pi­kir ed­ýän bol­ma­gy müm­kin. Em­ma hü­när­men­ler san­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len tä­ze hü­när­le­riň peý­da bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi adam eli bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­ri azalt­sa-da, tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açyp, iş orun­la­ry­ny kö­pel­der. Hü­när­men­ler eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň 140-dan gow­rak tä­ze hü­nä­ri dö­ret­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu hü­nä­r­le­riň ara­syn­da “akyl­ly” öý di­zaýn do­lan­dy­ry­jy­sy, san­ly ti­kin­çi, san­ly te­ra­pi­ýa­çy, ro­bop­si­ho­log ýa­ly hü­när­ler peý­da bo­lar. Ola­ryň ara­syn­da haý­sy­dyr bir teh­no­lo­gi­ýa de­giş­li hü­när­men-mas­la­hat­çy­la­ra has köp ze­rur­lyk du­ý­lar. My­sal üçin, “akyl­ly” teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len öý­de teh­ni­ki nä­saz­lyk ýü­ze çyk­sa, kim­den kö­mek so­ra­ma­ly? Bu me­se­le­de müş­de­rä “akyl­ly” öý di­zaýn do­lan­dy­ry­jy­sy kö­mek eder.