Ýa­po­ni­ýa­nyň “As­park” at­ly şe­re­ke­ti­niň önüm­çi­li­gi do­wam ed­ýän “Owl” at­ly elekt­ro­ka­ry kuw­wat­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bir­nä­çe ýyl ozal, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ne­bit ýan­gyç­ly ulag­lar­ ýa­ly güýç­li bol­ma­jak­dy­gy öňe sü­rül­ýär­di. Em­ma ösen teh­no­lo­gi­ýa al­ter­na­tiw ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň hem ýo­ka­ry tiz­lik­li we kuw­wat­ly bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. “As­park Owl” köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lan, gys­ga wagt­da bat al­ýan il­kin­ji ulag ha­sap­lan­ýar. Go­laý­da bu elekt­ro­kar Du­baý­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si­niň myh­man­la­ry­na gör­ke­zil­di. Ula­gyň nus­ga­lyk gör­nü­şi 2017-nji ýyl­da Frank­furt­da­ky hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­sin­de gör­ke­zi­lip­di. Sa­gat­da 100 km tiz­li­ge ýet­me­gi üçin ba­ry-ýo­gy 1,7 se­kunt ýe­ter­lik bo­lan bu ulag­dan hä­zi­re çen­li 50 sa­ny­sy ön­dü­ri­lip­dir. Ula­gyň dört sa­ny he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lup, ola­ryň kuw­wa­ty 2012 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Ula­gyň ýo­ka­ry tiz­li­gi­niň 399 km/sa­gat­dy­gy mä­lim edil­di. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 450 km ýol geç­ýän elekt­ro­kar li­tiý-ion ba­ta­re­ýa bi­len üp­jün edi­lip­dir. Ula­gyň ag­ra­my­ny azalt­mak üçin ýe­ňil ma­te­ri­al­lar­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ýa­pon in­že­ner­le­ri­niň iş­läp dü­zen ula­gy­nyň önüm­çi­li­gi Ita­li­ýa­nyň Tu­rin şä­he­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar. Ulag­la­ryň sa­tu­wy­nyň in­di­ki ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de ýo­la go­ýul­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Hä­zi­re çen­li “Lo­tus Evija”, “Pi­nin­fa­ri­na Bat­tis­ta” we “Ri­mac C Two” ýa­ly ýo­ka­ry tiz­lik­li elekt­ro­kar­lar ön­dü­ri­lip­di.