Bir ýa-da bir­nä­çe lo­ko­mo­ti­wiň he­re­ke­te ge­tir­ýän, de­mir ýol­da he­re­ket ed­ýän ulag­la­r ýük we ýo­lag­çy gat­nat­mak mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri peý­da­la­nyl­ýar. Ula­gyň bu gör­nü­şi köp muk­dar­da­ky ýü­ki uzak ara­ly­ga amat­ly ba­ha­dan da­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Eý­sem, il­kin­ji de­mir ýol ulag­la­ry ha­çan peý­da bol­du­ka?!

De­mir ýo­luň üs­tün­de he­re­ket ed­ýän il­kin­ji ulag­lar kö­mür we de­mir mag­da­ny ýa­ly, ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry çy­kar­mak we da­şa­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip­dir. Bu mak­sat bi­len il­kin­ji de­mir ýol 1797-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da gu­rul­ýar. Onuň üs­tün­de he­re­ket ed­ýän ara­ba­la­ry bir­nä­çe at çek­ýän eken. 1804-nji ýyl­da ang­li­ýa­ly Ri­çard Tre­wit­hik at­ly in­že­ner 10 ton­na ýü­kli we 70 ýo­lag­çy­ly, bug­ly ma­şy­nyň çek­ýän ara­ba­la­ry bi­len 16 km ýol geç­ýär. Uel­siň Kar­dif şä­he­rin­dä­ki bu gat­naw 5 sa­gat­da ta­mam­lan­ýar. De­mir ýol ula­gy ýol­da bir­nä­çe ge­zek bo­zul­ýar. Şeý­le­lik­de, ma­şy­nyň güý­ji bi­len he­re­ket ed­ýän il­kin­ji de­mir ýol ulag­y peý­da bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, at­lar soň­ky ýyl­lar­da hem de­mir ýo­luň üs­tün­de he­re­ket ed­ýän ara­ba­la­ry çek­mek üçin peý­da­la­ny­lyp­dyr. 1825-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da bol­sa, Jorj Ste­fen­son at­ly ang­li­ýa­ly in­že­ner Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Dar­ling­ton hem-de Sto­kon (Sto­kon on Tis) şä­her­le­ri­niň ara­syn­da yzy­gi­der­li de­mir ýol gat­na­wy­ny ýo­la goý­ýar. Bu se­ne de­mir ýo­luň esas­lan­dy­ry­lan gü­ni ha­sap­lan­ýar. Bäş ýyl­dan soň­ra Ste­fen­son sa­gat­da 24 km tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýän “Rocket” at­ly tä­ze ula­gy Li­wer­pul-Man­çes­ter ara­ly­gyn­da (50 km) işe gi­riz­ýär. Bu gat­naw il­kin­ji şä­he­ra­ra de­mir ýol gat­na­wy ha­sap­lan­ýar. Onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi 48 km/sa­gat bo­lup­dyr. Bu tiz­lik şol dö­wür­ler örän ýo­ka­ry ha­sap­la­nyp­dyr. Şon­dan ba­ry-ýo­gy 10 ýyl ge­çen­den soň­ra Ang­li­ýa­da­ky de­mir ýol­la­ryň uzyn­ly­gy iki müň ki­lo­met­re ýe­tip­dir. 1831-nji ýyl­da ABŞ-da, 1832-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da, 1835-nji ýyl­da Bel­gi­ýa­da we Ger­ma­ni­ýa­da, 1837-nji ýyl­da Rus­si­ýa­da, 1839-njy ýyl­da Gol­lan­di­ýa­da we 1848-nji ýyl­da Is­pa­ni­ýa­da il­kin­ji de­mir ýol gat­naw­la­ry ýo­la go­ýul­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji lo­ko­mo­tiw­ler bol­sa 1879-njy ýyl­da Ber­lin­de sy­nag mak­sa­dy bi­len gu­rul­ýar. Şon­dan soň­ra şä­he­ri­çi gat­naw üçin tram­waý­lar gur­lup baş­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýol ulag­la­ry­nyň tiz­li­gi sa­ga­tda 250 ki­lo­metr­den ýo­ka­ry bo­lup, has ýo­ka­ry tiz­lik­li­le­ri sa­gat­da 300 ki­lo­met­r ýol geç­ýär.