Şä­her ila­ty­nyň kö­pel­me­gi bi­len ýe­riň aşa­gyn­dan gid­ýän de­mir ýol­lar gur­lup­dyr. Jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­nyň bu gör­nü­şi­ne met­ro di­ýil­ýär. Met­ro­lar beý­le­ki aw­tou­lag ýol­la­ry bi­len ke­siş­me­ýän­li­gi se­bäp­li, şä­he­riň için­de ulan­ma­ga amat­ly­dyr. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän­di­gi üçin ho­wa­ny hem hapala­ma­ýar. Ge­liň, met­ro­lar ba­ra­da kä­bir gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry öw­re­ne­liň!
Il­kin­ji ýe­ras­ty de­mir ýol ul­ga­my 1863-nji ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da açyl­ýar. Ol bug­ly lo­ko­mo­tiw bi­len iş­läp, her gün­de 27 müň ýo­lag­ça hyz­mat edip­dir. Hä­zir­ki wagt­da Lon­don met­ro­sy­ndan her gün­de 5 mil­li­on ýo­lag­çy peý­da­lan­ýar.
Dün­ýä­niň 180 şä­he­rin­de met­ro ul­ga­my bar.
1935-nji ýyl­da açy­lan Mos­kwa­nyň met­ro­sy­nyň stan­si­ýa­la­ry­nyň owa­dan çy­ra­la­ry we reňk­li di­war­la­ry sun­gat zal­la­ry­ny ýa­dy­ňa sal­ýar. Şol dö­wür­ler 11 ki­lo­metr bo­lan ul­ga­myň uzyn­ly­gy, hä­zir­ki wagt­da 400 ki­lo­met­re go­laý­la­ýar. Ýe­ras­ty de­mir ýol ulag­la­ryn­dan her gün­de 7 mil­lio­na go­laý adam peý­da­lan­ýar.
Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­ki­niň met­ro­sy her ýyl­da 3,85 mil­liard tö­we­re­gi adam gat­nad­ýar.
Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­ri­niň met­ro ul­ga­my 680 ki­lo­met­re ba­ra­bar.
Ka­na­da­nyň Kwe­bek şta­ty­nyň Mon­re­al şä­he­ri­niň met­ro wa­gon­la­ry­nyň ti­gir­le­ri ada­ty aw­to­ulag­la­ryň­ky ýa­ly re­zin bi­len ör­tü­len. In­že­ner­ler ýo­lag­çy­la­ryň has ra­hat bol­ma­gy üçin, şeý­le usul­dan peý­da­lan­ma­gy ma­kul bi­lip­dir­ler. Adat­ça, de­mir ýol ulag­la­ry­nyň äh­li­si­niň ti­gir­le­ri po­lat­dan ýa­sal­ýar.