Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy ýur­du­my­zyň iň ýa­kyn goň­şu­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ýurt bi­len dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Iki döw­le­tiň hem Azi­ýa yk­ly­my­nyň mer­ke­zin­de ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi di­ňe bir se­bit däl, eý­sem, äh­lu­mu­my möç­ber­de hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­tan we Öz­be­gis­tan söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ge­çel­ge­le­ri­niň mö­hüm çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, “Gün­do­gar-Gün­ba­tar” we “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” ugur­la­ry bo­ýun­ça has gel­je­gi uly ugur­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça ut­ga­şyk­ly gat­na­şyk ed­ýär­ler.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň dost­luk, do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­re esas­la­nan köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ry tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Öz­be­gis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny hök­mün­de Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň öz il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­ny 2017-nji ýy­lyň mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we yn­san­per­wer ugur­la­ryn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar hem özü­niň sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 28-29-njy no­ýabr­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­a iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy türk­men-öz­bek dost­lu­gy­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne uly iter­gi ber­di. Bu sa­pa­ryň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da Aş­ga­bat­da Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň 15-nji mej­li­siniň ge­çi­ril­me­gi iki ýur­duň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­­dygy­ny gör­kez­di. Dür­li de­re­je­dä­ki, şol san­da Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki yzy­gi­der­li gat­na­şyk­la­ra, şeý­le hem iki döw­le­tiň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň du­şu­şyk­la­ry­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Aş­ga­bat­da­ky du­şu­şyk­da hu­su­san-da, te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da işe­wür gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Türk­men-öz­bek işe­wür­ler ge­ňe­şi­ni ge­çir­mek ha­kyn­da yla­la­şygyň ga­za­nyl­ma­gy iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň bar­ha art­ma­gy­na ýar­dam eder.
Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi goň­şy ýurt­dan oba ho­ja­lyk hem-de baş­ga-da dür­li mak­sat­lar üçin teh­ni­ka­la­ryň sa­tyn alyn­ma­gy bi­len hem baý­laş­ýar. Türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň 15-nji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni bi­len “Uzt­reýd” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gy üçin “ISU­ZU” ky­sym­ly aw­to­bus­la­ry iber­mek bo­ýun­ça yla­la­şygyň ga­za­nyl­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­me­nis­tan we Öz­be­gis­tan ga­dy­my we tä­sin me­de­ni­ýet­le­riň mi­ras­dü­şer­le­ri bol­mak bi­len, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da-da hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni­ýet we ylym jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fo­rum­la­ra, fes­ti­wal­la­ra hem-de ser­gi­le­re yzy­gi­der­li gat­naş­ýar­lar. Go­laý­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len “Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty” at­ly III hal­ka­ra fes­ti­wa­ly­na Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let sa­ti­ra te­at­ry­nyň gat­naş­ma­gy hem-de öz­bek teatr us­sat­la­ry­nyň “Pa­dar­kuş” at­ly sah­na oý­nuny gör­kez­me­gi, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň ap­rel aýyn­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ür­genç şä­he­rin­de Türk­men-öz­bek dost­luk öýü­niň açyl­ma­gy, Daş­kent­de türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li­niň hem-de “Aş­ga­bat” se­ýil­gä­hi­niň açyl­ma­gy iki do­gan­lyk hal­kyň ara­syn­da­ky mi­ze­mez dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne go­şant goş­ýan aja­ýyp wa­ka­lar­dyr.

Tö­re AN­NA­MY­RA­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň
uly mu­gal­ly­my.