Hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen teatr hem kino sungatyna tebigy zehini bilen saldamly goşandyny goşup, ýaş artistlere halypalyk edip gelýän ussatlarymyzyň sarpalary belent tutulýar. Şol halypalaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Sapardurdyýew bolup, golaýda onuň durmuş hem döredijilik ýoly bilen gyzyklanyp, okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildim.
Amangeldi Sapardurdyýew 1946-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. Ol obalaryndaky mekdepde orta bilimi alýar.
— Amangeldi aga, haçan we nähili ýagdaýda sizde teatr artisti bolmak höwesi döredi? Ykbalyňyzy teatr sungatyna baglamagyňyz esasy sebäbi näme?
— Men mekdebimizde hereket edýän gurnaklara gatnaşmaga höwes ederdim. Biz 7-nji synpda okaýarkak, synpdaşlarymyz bilen şorta sözleri aýdyşmagy, gysgajyk gülküli sahnalary taýýarlap, köpçüligiň öňünde çykyş etmegi oňat görerdik. Ol sahnalary synpdaşlarymyz bolup, aýdylmaly sözleri paýlaşyp, mekdebimizde geçirilýän şanly senelerde, baýramçylyklarda çykyş ederdik. Soňra biz şol taýýarlan sahnalarymyz bilen oba klubunda, şeýle hem Duşak şäherçesindäki medeniýet öýünde geçirilýän çärelerde hem çykyş edip başladyk.
Men orta mekdebi tamamlap, çagalykdan eden arzuwyma ýetmek, ýagny artistlik hünärine ymykly aralaşmak maksady bilen Aşgabada rowana boldum. 1965-nji ýylda Aşgabada gelip, ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýa resminamalarymy tabşyrmakçydym. Emma, men eýýäm gijä galypdyryn. Resmi haty tabşyryş döwri tamamlanan eken. Soňra, men öňki Medeni aň-bilim tehnikumyna bardym. Ol okuw mekdebinde-de okuwa alyş möhleti tamamlanypdyr. Şeýdip men, Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý etmäge gitdim. Gullukdan gaýdyp gelenimden soň, ýene-de ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky ikiýyllyk okuwa resminamalarymy tabşyrdym. Ahyrynda-da synaglardan üstünlikli geçip, teatr studiýanyň talyby boldum. Teatr studiýada bize halypa artistler – Türkmenistanyň halk artistleri Nurmuhammet Keşşikow, Aman Gurbandurdyýew, Durdymämmet Öräýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Çerkezow ýaly ussatlar artistlik sungatynyň inçe tilsimlerini öwretdiler.
Teatr studiýany tamamlanymyzdan soň, biziň toparymyzy 1967-nji ýylda öňki A. Gulmämmedowyň adyny göterýän ýaş tomaşaçylar teatryna işe ugratdylar. Emma, şol wagt teatryň içinde bejeriş işleriniň geçirilýänligi sebäpli, biz Daşoguzyň N. Andalyp adyndaky sazly drama teatryna gastrola gitmeli bolduk.
— Amangeldi aga, okuwyňyzy tamamlap, ýaş artist hökmünde sahnada ilkinji döreden keşbiňiz, siziň şol keşbe bolan garaýşyňyzy aýdaýsaňyz!
— Men okuwymy tamamlap, teatra gelenimden soň, sahnada ilkinji döreden keşbim N. Andalyp adyndaky sazly drama teatrynyň dramaturglary Begi Suhanow bilen Aşyr Mämiliýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Ömrümiň örki” atly komediýadaky Gyzylbaşagaýyň keşbi boldy. Gyzylbaşagaýyň keşbi, lakamyndan hem belli bolşy ýaly, elmydama başagaý bolup, aljyrap ýören adam. Bu keşbi sahnada janlandyrmak komediýa žanryna degişli bolansoň maňa gaty bir kyn hem düşmedi.
— Size has ýakyn žanr haýsy. Komediýamy, dramamy ýa-da tragediýa?
— Meniň üçin şolaryň hemmesi hem daş däl. Elbetde, maňa has ýakyn žanr komediýa žanry. Muny režissýorlar hem makullaýarlar. Artistlik sungatynda muny artistiň keşbi, häsiýeti, agraslygy, ýeňilligi bilen ölçeýärler. Meniň ýüz keşbim komediýa žanryna degişli bolsa, häsiýetimi, agraslygymy drama, tragediýa žanryna hem uýgunlaşdyryp bilýän. Bu, esasan, artistiň özüne-de bagly bolup durýar. Teatrymyzyň sahnasynda ýazyjy N. Rejebowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Gyrat” atly sahna oýnunda maňa Zeňňi babanyň keşbini ynandylar. Zeňňi babaň keşbi drama žanryna degişli. Emma, maňa şol keşbi döretmek kynam düşmedi. Şonuň ýaly-da ir döwürler ozalky A. Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyrylan “Malahowy togtadyň” atly sahna oýnunda, baş keşp bolan Malahowyň keşbini döredipdim. Bu keşbe-de teatr synçylary oňat baha berdiler. “Sawçylar” komediýa žanrynda Berdiniň, “Sombrero”-da ýene-de gülküli keşp Pestigiň, “Galkynan göwünler”-de Mele daýynyň, häzirki Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan “Alty gelin” atly spektaklda gelniň kakasynyň, “Gabanjaň gelin”-de taksiçiniň keşplerini janlandyrdym. Elbetde, bulardan başga-da, birnäçe spektaklda dürli kärdäki, dürli häsiýetdäki adamlaryň keşplerinde oýnamak miýesser etdi. Şolaryň ählisi-de teatr muşdaklary, halk köpçüligi tarapyndan oňat garşy alnan keşplerdir.
— Siziň halypa artist hökmünde ýaş artistlere berjek maslahatyňyz. Şägirtleriňizden käbirlerini agzap geçäýseňiz?
— Meniň halypa artist hökmünde ýaş artistlere berjek maslahatym. Birinjiden-ä, işiňe jür bolmak, tertip-düzgüni saklamak, köpräk çeper eser okamak, sungat döredijiligi barada köpräk gyzyklanmak. Režissýor saňa keşp janlandyrmagy ynananda, sen şol keşbiň gylyk-häsiýetini, edim-gylymyny, durmuşda özüni alyp barşyny öwrenip, şony özüňe özleşdirmegi we ynanmagy başarjak bolmaly. Haçan-da, şeýdip sahna çykanyňda, seniň döredýän keşbiň tomaşaçy üçin ynandyryjy bolýar. Eger-de, özüň ynanyp hereket etmeseň, onda tomaşaçy asla ynanmaz. Ol ýasama keşp bolar. Döredijilikde geldi-geçere ýol bermeli däldigini ýaşlara tabşyrasym gelýär.
Indi şägirtlerim hakda aýtsam, şägirt kän. Ýöne, men şolaryň käbirlerini aýtsam, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew, ol indi ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyza ýolbaşçylyk edip gelýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti, aktýor hem režissýor Şirli Mollaýew, şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Gurbanow. Aşyr häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýaşlara aktýor ussatlygyndan tälim berip ýör. Esasy işiniň daşyndan bolsa “Ýaşlyk” teleýaýlymynda taýýarlanyp, efire berilýän “Siziň üçin, körpeler” atly gepleşigi alyp barýar. Şägirtlerimiň özleri-de indi halypalyga ýetişdiler.
— Amangeldi aga, size teatryň sahnasynda keşp janlandyrmak ýeňilmi ýa-da kino-da?
— Maňa, esasan, sahnada keşp janlandyrmak aňsat düşýär. Sebäbi, men ýaşlykdan kameranyň öňünde kän çykyş etmedim. Kameranyň öňünde çykyş etmäge endik etmeseň, öwrenişmek az-owlak kynrak bolýan ýaly. Emma, sahna meniň ikinji öýüme öwrülip gitdi. Ýöne, men soňky döwürlerde wagtal-wagtal telewideniýede düşürilýän satiriki sahnalarda, şägirdim Aşyr Gurbanow, şeýle-de Hoja Hojaýew dagy bilen çykyş etdim. Şonuň ýaly-da, şägirdim, aktýor hem režissýor Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew özüniň surata düşüren “Ömür kerweni” atly köp seriýaly çeper filminde, şeýle hem “Pälwan” atly çeper filminde maňa-da keşp janlandyrmagy tabşyrdy. Şol keşpler hem şowly çykan oňat keşpleriň hataryna goşuldy.
— Size halypa artist hökmünde dünýä belli artistlerden haýsy biriniň döredijiligi has ýakyn.
— Maňa Arkadiý Raýkiniň sungaty has ýakyn. Sebäbi, ol bir sözde tomaşaçyny gyzyl-gyran güldürip bilýärdi. Onuň özbaşyna teatry hem bardy. Ol komik artist. Men onuň zehinine hormat goýýaryn.
— Amangeldi aga, maşgalaňyzda siziň käriňizi dowam etdirjek barmy?
— Meniň ýanýoldaşym Döndi Sapardurdyýewa hem artist. Ol Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda indi ençeme ýyl bäri zähmet çekip gelýär. Ýöne, meniň çagalarymyň, agtyklarymyň içinde gynansam-da, meniň kärimi dowam etjegi ýok. Men bir ogul, iki gyzy terbiýeläp, ýetişdirip, bilimli, kärli, maşgalaly etdim. Meniň üç çagamdan alty sany agtygym bar. Sözümiň ahyrynda, bize medeniýet, sungat işgärlerine uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyk, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärin.
— Amangeldi aga, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň, bizem size döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren
Akmyrat HojaberdiýeW.