Eziz Watanymyz gadymy medeniýetleriň siwilizasiýasynyň ojagydyr. Ýurduň ähli ýerinde gadymy ýadygärlikleriň tutuş toplumy bar. Gadymy şäherleriň we dürli gadymy galalaryň heniz hem taryhy yzlary ýatyr. Bu ýerde irki döwürlere degişli ençeme ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Güneşli Diýarymyz Änew, Bagabat, Nusaý, Altyndepe, Abywert, Sarahs, Garagan, Täkgala, Maşat-Misseriýan, Daňdanakan, Ürgenç, Was, Şähri-Bossan, Margiana, Amul, Namazgadepe, Paryzdepe, Goňurdepe ýaly dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ýurt.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň gymmatly medeni-taryhy ýadygärliklerini gorap saklamak, medeni mirasy öwrenmek we halka ýaýmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. 1999-njy ýylda gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenjiň ýadygärlikleri, 2007-nji ýylda gadymy Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda arheologiýa ylmy-barlaglarynyň gerimi has-da giňeldilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem uly orun berildi. Muňa belli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty hasaplanýan Goňurdepede soňky 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dünýä medeniýetiniň öň ylma näbelli bolan täze ojagynyň – Margiana medeniýetiniň açylmagy hem mysaldyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde möwsümleýin alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri we ýüze çykarylan tapyndylary döwletimiziň muzeýlerine tabşyrmak barada hem aýdylyp geçildi. Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd, Paryzdepe, Şährihaýbar we Şähryslam, Balkan welaýatyndaky “Gadymy Dehistan”, Daşoguzdaky Kerwensaraý, Lebap welaýatyndaky Amul, Daýahatyn, Marydaky Uly gyzgala, Abdyllahan ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş we rejeleýiş işleriniň dowamynda gymmatly tapyndylaryň köp sanlysynyň üstünden barylmagy, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak barada amala aşyrylýan işleriň barha ýaýbaňlanýandygyny görkezýär. Bu taryhy tapyndylaryň Ahal welaýatyndaky “Ak Bugdaý” milli muzeýine, Lebap we Mary welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine berilmegi ýurdumyzyň baý taryhy bilen gyzyklanýanlar üçin gymmatly gollanma öwrüler.
Umuman, bu taryhy eserler ýurdumyzyň baý özboluşly medeni mirasyny şöhlelendirýär we muzeýe gelýän adamlarda öz ýaşaýan ülkesiniň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik berer. Baý taryhymyzyň, milli medeni gymmatlyklarymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine giň ýol açan hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşynyň çägi ýok.
Aýgül BERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.