Soltan Sanjaryň ýardam bermeginde Merwde kaşaň bir binanyň gurluşygy başlanýar. Ymarat beýikligi we göze gelüwligi bilen köpüň göwnünden turýar. Ýöne binanyň merkezine goýar ýaly dogry agaç sütüni gerek bolupdyr. Uzaga çeken gözlegler hiç hili netije bermändir. Ahyrsoňy bir garry aýalyň howlusynda binanyň sütünine laýyk bir agajyň ösüp oturandygyny soltana habar beripdirler. Hadymlaryny diňländen soň soltan:
– Hazynadan zer çekilen halat-serpaýy we ýeterlik puly alyp, o garra eltip beriň, hem-de näme maksat bilen gelendigiňizi-de ýatladyň – diýip maslahat berýär. Hadymlar soltanyň serpaýyny garry aýala gowşurýarlar.
Şonda ol aýal hoşal bolup:
– Soltana lazym bolsa, kesiň agajy! – diýýär. Şondan soň, agajy kesip, binanyň ortasynda dikeldýärler.
Soňra soltan binanyň içini we sütünini zer bilen zynatlamagy tabşyrýar. Ymarat salnyp gutaransoň, onuň içini synlamaga gelen halaýyklaryň arasynda agajynyň kesilmegine razylyk beren garry aýal hem bar eken. Ol soltanyň zerli serpaýyny geýip, içeri girende, bina bilen birlikde agajynyň ýüzüne hem zer çekilendigini görýär. Aýal agajyň ýanyna gelip:
– Eý, agaç, dogrulygyňdan özüňi hem zere bürediň, meni hem – diýip, buýsanç bilen agaja garapdyr.
Ir zamanlarda bir obada iki ussa bolup, olaryň biri kyrk günde bir käse, beýlekisi bolsa bir günde kyrk käse ýasaýan eken. Kyrk günde bir käse ýasaýan ussa gurply ýaşap, bir günde kyrk käse ýasaýan hem güzeranyny zordan aýlaýan eken.
Bir gün märekede bir goja olardan munuň sebäbini sorapdyr.
– Eý, atam, men-ä “Arzanyň arzysy bolmaz” diýlen pähime eýerýän-de guýumyny, ýugrumyny ýagşy ýetirip, kyrk günde bir käse ýasaýaryn, hyrydarlarym hem ýetik – diýip jogap berýär.
– Men bolsa gijämi gündiz edip, işlesem-de, güzeranym öwerlik däl. Ýasaýan käselerime-de onçakly isleg bildirýän ýok – diýip, beýleki ussa jogap berýär.
– Onuň ýaly bolsa siziň ýasan käseleriňizi barlap görmek gerek – diýip, goja olara käselerini getirmegi tabşyrýar.
Kyrk käsäni münderläp goýýarlar. Goja kyrk günde ýasalan çoýun ýaly käsäni eline alyp, münderlenen käselere tarap bat bilen zyňyp goýberýär. Käseler kül-uşak bolýar, emma zyňlan käsä welin hiç hili zeper ýetmeýär. Şondan soň goja:
– Ine, gördüňmi indi sebäbini, edýän işiňe yhlas bilen ýapyşyp, sanyna däl-de, hiline üns berseň, harydyň hyrydary hemişe-de tapdyrar – diýip, maslahat beripdir.
Ady ýurda dolan bir binagär minara gurup, ony tamamladym edeninden soň, onuň ýanynda bir topar çaganyň üýşüp, ellerini minara tarap uzadyp, öz aralarynda bir zatlar hakynda gürrüň edýändiklerini görýär. Ussa olaryň ýanyna baryp:
– Çagalar, siz nämäň gürrüňini edýäňiz? – diýip soraýar.
Çagalar:
– Ussa aga, göwnümize bolmasa, guran şu minaraňyz biraz gyşyk bolan ýaly-la – diýýärler.
– Hä, beýle bolsa, häziriň özünde ony ýüp bilen düzedäýeris – diýip, ol ýüp getirmegi tabşyrýar.
Ussa ýüpi minaranyň daşyndan aýlap:
– Nätdi, düzelýärmi? – diýip, çekiberýär. Çagalar: “Indi dogrulandy” diýip, gygyranlaryndan soň, çekmegini bes edýär.
Bu ýagdaýy synlap duran bir kişi:
– Ussa aga, ýüp bilen minarany çekişiň oňa hiç hili täsir etmeýändigini özüňem görüp dursuň ahyryn. Näme üçin çagalaryň gepine gidip beýtdiň – diýip soraýar.
– Eger-de men şeýtmedik bolsam, bu çagalar hemme ýerde “Minara gyşyk gurlupdyr” diýip, gürrüň ederler. Oňa bolsa gulak gabartjaklaram tapylsa tapylar. Onsoň minaranyň gyşyk däldigini nädip subut etjek. Indi bolsa “Minara gyşykdy, ýüp bilen dartdyryp dogrulatdyrdyk” diýen gürrüňi ederler. Oňa bolsa akyly düzüw adam ynanmaz – diýip kesgin jogap berýär.