Mähriban çagalar! Siz towşanyň agaç gabygyndan, tilkiniň buzdan öý ýasandygy baradaky ertekini okan bolsaňyz gerek. Eýsem, buzdan öý ýasap bolýarmyka?! Her ýylyň gyş paslynda Demirgazyk polýusa ýakyn ýerlerde buzdan myhmanhanalar gurulýar. Bu ýerde binanyň diwarlary, onuň içindäki esbaplar we hatda gap-çanaklar hem buzdan ýasalýar. Şeýle hem buz we gar festiwallary geçirilýär. Bu şüweleňlerde buzdan binalardyr heýkeller ýasalýar. Içinde belli bir wagt geçirmek üçin hem buzdan jaý ýasalýar. Irki döwürlerden bäri sowuk ýurtlarda ýaşaýan halklaryň ýasaýan bu jaýlaryna iglu diýilýär. Iglu gurmak üçin köp gural hem gerek däl. Munuň üçin gaty buz hem-de gar ýeterlik. Bu kümäni salmak üçin buz 40×20 sm ölçeginde kesilýär. Tegelek hem-de gümmez görnüşli binanyň kerpiji buzdan, laýy gardan bolýar. Ýagny ilki kerpiç görnüşli kesilen buz bölekleri örülýär we aralary gar bilen ýapylýar. Beýikligi 2 metr, diametri 2-4 metr bolýan binanyň diwarlarynyň aralaryndan howa geçer ýaly deşikler goýulýar. Küme gurlandan soňra, onuň iç tarapyndan diwarlary ot bilen çalarak eredilip, has berk bolmagy gazanylýar. Onuň gapysy hem kiçiräk bolýar. Sebäbi eger-de gapy uly bolsa, her gezek girilip-çykylanda içeri sowaýar. Onuň içinde şem ýa-da kiçiräk ot hem ýakyp bolýar. Muňa garamazdan, ol eremeýär. Sebäbi daşardaky sowuk howa onuň eremeginiň öňüni alýar. Içerini bolsa, şemiň we adamyň öz ýylylygy ýyladýar. Bu kümeler birnäçe wagt geçenden soňra has berk bolýar. Sebäbi diwaryň içki gatlagy yzygiderli eräp-doňýar. Bu bolsa, onuň has berk bolmagyna getirýär. Şeýlelikde, iglu aşa güýçli ýel turanynda hem ýykylmaýar. Häzirki wagtda bolsa, gadymy iglulara meňzeş kümeler hem gurulýar. Olaryň köp ýeri aýnadan edilýär. Şeýlelikde, gyşyň täsin gözelligini, gijesine asmandaky ýyldyzlary synlap bolýar.