Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalarynyň biri-de, ene-mamalarymyzdyr gelin-gyzlarymyzyň yhlasy bilen dokalýan türkmen halylarydyr.
Her çitimine, her öýdümine ene-mamalarymyzyň ata Watana bolan söýgüsi, jandan eziz gören ýurduna, ojagyna bolan yhlasy siňen bu inçe senet asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milliligini alamatlandyrýan esasy alamatlaryň biri bolmak bilen, türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlygyny alys ülkelere ýetiripdir. Şeýlelikde, gözellikde, berklikde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylaryna dünýä ýüzi hyrydar bolupdyr.
Mälim bolşy ýaly, nesilbaşymyz Oguz han her kowmunyň nyşan-tagmasy we guşy bilen belgilenmegi üçin uly hyzmatlary bitiripdir. Şol guşlar haly sungatyna ornaşyp, “guşly gölleriň” dürli-dürli görnüşleriniň döremegine getiripdir. Ylymda “piktografik şekiller” hökmünde esaslandyrylan ol şekiller örän uly many beriji häsiýete eýe bolupdyr. Türkmen halylaryndaky tagmalaryň nagyşlary güýçli geometrik täsiriň netijesinde bolany üçin olara düşünmek örän inçeligi, çuňňur sowatlylygy talap edipdir. Örän gadymy döwürde dokalyp, Altaý ülkesiniň Pazyryk depelerinden tapylan türkmen halysynyň merkezini bezeýän nagyş bolan ganatlaryny gerip duran guşuň şekili hem geometriýalaşdyrylan şekildir. Gadymy döwürde dokalyp, şu günlerimize gelip ýeten bu täsin halyny synlanlar şol mahalky halyçy gelin-gyzlaryň elleriniň çeperligine haýran galýarlar.
Sungat derejesine göterilen haly ýaşaýyş, durmuş, ynsan ömri bilen baglanyşyklydyr. Meselem, halynyň iki gyrasyndaky reňksiz ýerine “toprak” diýlipdir. “Toprakdan” öň we soň hem älem bar. Bu ynsan owwal toprakdan döräp, äleme, ýagny ýaşaýşa rowan bolýar, soň ýene älemden ene topraga gowuşýar diýen pelsepewi manyny beripdir.
Biziň ene-mamalarymyz nepis halylary dokanlarynda, reňke, boýaga aýratyn ähmiýet beripdirler. Olar bu işde goýy gyrmyzy reňke, erişiň ýüpüniň arassa, sap ak, özü-de diňe saryja goýnuň ýüňünden bolmagyny berk ýola goýupdyrlar. Çünki, bu hili ýagdaýda haly diýseň berk, asyrlardan-asyrlara aşyp, asylky durkuny üýtgetmän saklap bilýän görnüşe eýe bolupdyr.
Bu meseleler eziz Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” eserinde bütin aýdyňlygy bilen beýan edilipdir. Kitapda türkmen gelin-gyzlarynyň bu belent ruhy gymmatlygy döretmekdäki belent hyzmaty ýokary çeperçilikde çuňňur beýan edilipdir.
Türkmenler haly önümleri üçin tebigy boýag taýýarlaýan ussatlara “nilgär” diýipdirler. Nilgärlik tebigy ot-çöplerden, şeýle-de, dürli ösümliklerden reňk taýýarlamagy aňladýan hünär bolupdyr.
Biziň durmuşda her bir işe oýlanyşykly çemeleşmegi başaran ata-babalarymyz halynyň syk, berk bolmagy babatda hem çuňňur aladalanypdyrlar. Meselem, olar tebigy boýaglardan dokalan halylary kesilen badyna oba gyrasyndaky ýaýlymly-ýaýrawly ak çägeli ýola düşäp, üstünden at çapdyryp geçiripdirler. Şeýlelikde, at toýnagynyň badyna halynyň ýüzündäki käbir üpür-jüpürler aýrylypdyr hem-de salnan çitimler berkäpdir. Bu ýagdaýda reňk bozulman, gaýta täzeden, aýna ýaly lowurdyly keşbe eýe bolupdyr.
Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzyň howandary hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, türkmen halyçylyk sungaty ýokary derejede ösýär. Türkmen tebigatynyň müň bir öwüşgini siňen, her bir çitimi ýazyň ýagşyna meňzeş ajaýyp halylary döredýän gelin-gyzlara, suratkeşlere, dizaýnerlere goýulýan sylag-sarpa bütin ili guwandyrýar. Dünýäde iň nepis, iň gözel halylaryň Watany hökmünde dabaralanýan gözel Diýarymyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýiniň döredilmegi, her ýylyň maý aýynda dünýä alymlarynyň gatnaşmagynda halkara ähmiýetli sergileriň geçirilmegi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginde halyşynaslaryň mejlisiniň ýaýbaňlanmagy haly sungatyna berilýän çuňňur ünsüň nyşanydyr.
Bu günki gün nepis haly gölleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň baýdagynda öz beýanyny tapmak bilen dünýäniň dört künjünde görenleri haýrana goýýar. Haly bezegi bilen mukaddes Tugumyz hiç bir ýurduňka meňzemeýänligi bilen özboluşly milliligini saklaýar. Ajaýyp halylarymyzyň keşbini dürli işlerde, aýratyn-da, ýurdumyzyň binagärlik sungatynda aýdyň görmek bolýar. Eziz Arkadagymyzyň başda durmagy bilen gurulýan belent-belent ymaratlaryňdyr ýaşaýyş jaýlarynyň keşbine halkymyzyň köpasyrlyk milli gymmatlyklarynyň nurana şekili hökmünde haly gölleriniň ornaşdyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle keşpleri biz paýtagtymyzdaky “Oguzhan” köşkler toplumynda, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň binasynda, Konstitusiýa binasynyň sütünlerinde, “Bagt köşgünde”, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, şeýle hem welaýatlarymyzda gurulýan dürli maksatly binalarda görýäris. Munuň özi halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen halysynyň gözellik çeşmesi hökmünde bagtyýar durmuşymyza ornaşdyrylýandygynyň alamatydyr.
Bu ajaýyp işler Arkadag Prezidentimiziň, bagtyýar raýatlarymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan synmaz söýgüsiniň beýanydyr.
Sona ANNAGULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.