Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda Ýer ýüzünde jemi 71 sany täze ösümligiň we jandaryň bardygy anyklanyp, hasaba alyndy. Alymlar bu jandarlaryň we olaryň ýaşaýan ýerleriniň düýpli öwrenilmeginiň, daşky gurşaw bilen bagly ylmy işlerde peýdaly bolup biljekdigini belleýärler. Täze tapylan jandarlaryň arasynda güller, balyklar, merjenler, mör-möjekler, garynjalar we suwulganlar bar. Olar ummanlarda, gowaklarda, tokaýlarda we deňziň düýbündäki garaňky ýerlerde ýaşaýarlar.
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy Şennon Bennett dünýäde adamzada mälim bolan we has çetdäki ýerlerde täze jandarlaryň gözlenýändigine garamazdan, entäk ösümlikleriň we janly-jandarlaryň 90 göteriminden köpüsiniň üstüniň açylmandygynyň çaklanylýandygyny belleýär. Ol Ýer ýüzünde bir-birine mäkäm bagly ekoulgamyň bardygyny aýdyp, bu gymmatly ekoulgama has gowy düşünip, onuň goralyp saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Deňizlerde geçirilen barlaglarda 80 metr çuňlukda ýaşaýan benewşe reňkli balyk tapyldy. Merjen rifleriniň arasynda ýaşaýan bu balyga “Wakanda” (“Cirrhilabrus wakanda”) diýlip at berildi. Mundan ozal, bilim dünýäsine mälim bolmadyk bu jandar Hindi ummanynda Tanzaniýanyň kenarlarynda ýaşaýar. Şu ýyl balygyň 16 görnüşiniň üsti açylypdyr.
Aaron Bauer bolsa, süýrenijileriň täze 15 görnüşini tapypdyr. Olaryň arasynda menekli, narynç we guşakly suwulganlar hem bar. Bu jandarlaryň sany tokaýlaryň çäginiň kiçelmegi bilen azalýar. Bauer häzire çenli iki ýüzden gowrak täze süýrenijiniň görnüşiniň üstüni açypdyr.
Deňizde ýaşaýan ululy-kiçili jandarlar az däl. Olaryň ownujak görnüşleri hem köp. Şeýle bolansoň, olary saýgarmak aňsat däl. Täze üsti açylan jandarlaryň arasynda “Madrella amphora” atly jandaryň şekili balykgulaklaryň ýumurtgalaryna meňzeýär. Hünärmenler deňiz jandarlarynyň bir-birlerine öýkünýändiginiň ozaldan mälimdigini, emma, “Madrella amphora” atly jandaryň bu babatda örän “ussatdygyna” ünsi çekýär.
Ösümlikleriň üstünde geçirilen barlaglarda, olaryň bir-birleri bilen habarlaşýandygy, guraklyk ýüze çykanynda ony habar berýändikleri aýan edildi. Tebigaty öwrenijiler 100 ýyl ozal tapylan, emma doly anyklanmadyk güli hem ýakyndan öwrendiler. “Trembleya altoparaisensis” atly bu ösümligi bir asyr ozal Ogust Fransua Mari Glaziu atly botanik hasaba alypdyr. Ak gül açýan ösümlige şondan bäri gabat gelen adam bolmandyr. Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasynyň botanikleri Braziliýanyň Şapada-dus-Weadeýrus Milli seýilgähinde bu gülüň üstünden barypdyrlar. Tapylan gül bilen bir hatarda Madagaskardaky goraghanalarda jemi sekiz sany gül açýan täze ösümligiň üstünden baryldy.
Deňziň çuňluklarynda bolsa, uzakdan dolandyrylýan robotlar arkaly täze açyşlar edildi. Şolaryň biri Kaliforniýanyň kenarynda tapylyp, oňa “Chromoplexura cordellbankensis” ady berildi. Şeýle hem San-Fransiskonyň kenaryndan 60 km uzaklykdaky deňiz goraghanasynda iki sany täze merjen görnüşi tapyldy.
Şeýle hem Meksikada diňe garynjanyň hininde ýaşaýan möjejigiň, Ýewropa daglaryndaky gowaklaryň garaňky ýerlerde ýaşaýan möýüň, Folklend adalarynyň golaýynda suwuň 600 metr aşagynda ýaşaýan balygyň täze görnüşleri tapyldy.