Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilýär. Dünýädäki tehnologik ösüşler göz öňünde tutulyp, senagat pudagynda elektron senagatynyň hem döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy bilen türkmen döwleti senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Ýurdumyzyň senagat düzümi täzeden döwrebaplaşdyrylyp, bu ugurda täze ugurlar açylýar. Şolaryň biri-de elektron senagatydyr.
Türkmen önüm öndürijileri hojalyk we durmuşda ulanylýan tehnikalardan başlap, kompýuterlere çenli enjamlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň birinji synpa barýan okuwçylary, däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzdan kompýuterleri sowgat alarlar. Bular ýurdumyzda öndürilen önümlerdir.
Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda diwersifikasiýa ýoluna düşen ýurdumyzda senagat ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Elektron senagatyny düýpgöter ösdürmek babatda ýurdumyzda dürli önümleriň önümçiligi yzygiderli ýola goýulýar. LED çyralar, paneller we beýleki elektron enjamlaryň önümçiligi üçin önümhanalar açyldy. Bu ugurda pudaklaýyn edaralar bilen hususy pudagyň wekilleri utgaşykly iş alyp barýarlar.
Häzirki wagtda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmensenagat” agentligi bilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilelikde ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlarynyň önümçiligini ýola goýmak babatda degişli işleri alyp barýandygy baradaky hoş habar hemmeleri buýsandyrdy. Biziň ýurdumyzda hem daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň önümçiligine girişilmegi uly wakadyr. Şeýle hem “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti ýerli IP-TV týunerini öndürmegiň taýýarlyklaryny görýär. Bu taslama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen elektroniki önümleri öndürmek baradaky hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar. Mundan başga-da, her ýyl hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylaryna sowgat edilýän kompýuter enjamynyň önümçiliginiň biziň ýurdumyzda amala aşyrylmagy elektron senagatynyň düýpgöter täze eýýama gadam basýandygyna güwä geçýär. Ýurdumyzyň bazarlaryna hem-de ýöriteleşdirilen söwda kärhanalarynyň tekjelerine Watanymyzda öndürilen ýagtylandyryjy elektron abzallarynyň hem yzygiderli ýetirilip durulmagy guwandyryjy wakalardyr. Bu önümçilikleriň agramly böleginiň ýerli serişdelerden alnan çig malyň ulanylmagy, harytlaryň daşary ýurtlardan getirilýän önümlere garanyňda, has arzan bolmagyna giň mümkinçilikler döredýär.
Ýurdumyzda dürli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek baradaky Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ugurdaş kärhanalaryň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet-hususyýetçilik ugrundaky bilelikdäki düzümler döredilýär. Olaryň hatarynda gurnama gaz we elektrik plitalarynyň, elektrik peçleriniň, mikrotolkunly peçleriň we tozan sorujylaryň önümçiligini ýola goýan “Hojalyk harytlary” hojalyk jemgyýeti bar.
Milli Liderimiz eksport ugurly hem-de importyň ornuny tutýan täze pudaklary ösdürmekde telekeçilige aýratyn ähmiýet berip, işewürlere halkara derejeli howa menzillerinden başlap, awtobanlaryň, dag-magdan baýlaşdyryjy senagat kärhanalarynyň gurluşygyna çenli örän jogapkärli taslamalary durmuşa geçirmegi ynanýar. Türkmen işewürligi ýeňillikli karzlar we salgytlar görnüşinde saldamly döwlet goldawy netijesinde okgunly ösüşe eýe boldy. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda elektron senagaty täzeçil ösüş ýoluna düşdi.
Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrylýan halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasynyň netijesinde, senagat pudagynda gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy.