Gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülen el telefonlary kähalatlarda gyzyp bilýär. Eýsem, munuň sebäbi nämedenkä, öňüni almak üçin nämeler etmeli?!
Smartfonlar dürli sebäplere görä gyzyp bilýär. El telefonlarynyň käbir programmalary we aýratynlyklary has köp energiýa talap edýär. Şol programmalaryň köp wagtlap ulanylmagy, telefonyň gyzmagyna sebäp bolýar. Içinde bir topar maglumat geçiriji bolan kompýuterler hem gyzýar. Emma, olarda gyzgynlygy daşaryk üfleýän perler bar. Aslynda, häzirki telefonlar hem kompýuterleriň edýän işiniň köpüsini ýerine ýetirip bilýär. Emma telefonlar kiçi bolansoň, olarda sowadyjy ulgam däl-de, gyzmagynyň öňüni alyjy ulgam bolýar. Telefonlaryň batareýalarynyň has kämilleşdirilmegi we gyzmagynyň öňüni almak üçin bolsa, täze tehnologiýalar yzygiderli işlenip düzülýär.
Islendik telefon uzak wagtlap gepleşilmegi ýa-da ekrany, mikroprosessory, çyrasy we kamerasy işledilmegi zerarly azda-kände gyzyp bilýär. Bu adaty ýagdaý. Onuň gyzgynlygy sizi bimaza etmejek derejede bolsa, zeleli ýok.
Käbir telefonlar aşa gyzan mahaly ekranyň ýüzünde bu barada duýduryş ýa-da “Zarýaddan aýryň!” diýen ýazgy peýda bolup biler. Ýa-da bolmasa, öz-özi öçüp biler. Bular telefonyň gyzandygyny aňladýar. Beýle ýagdaýlar Gün şöhlesiniň aşagynda, yssy howada jübiňizde ýa-da islendik gyzgynlyk çeşmesine golaý bolanynda ýüze çykyp bilýär. Bu ýagdaý uzak dowam etse, enjamyňyza zeper ýetip biler. Şol sebäpli, bada-bat telefony sowatmagyň aladasyny etmeli.