Gündelik durmuşymyzda esasy iýmit hökmünde giňden ulanylýan ýumurtga barada käbir
maglumatlary dykgatyňyza hödürleýäris:
Ýumurtganyň gabygynda 10 müňden gowrak gözenek bolýar.
Sowadyjyda bir hepde duran ýumurtga otag temperaturasynda bir gün duran ýumurtgadan has gowy saklanýar.
Ýumurtga uzak wagt duranda içindäki suwy we howany ýitirýändigi sebäpli agramy azalýar.
Gök önümlerde protein az bolýar. Şol sebäpli gök önümlerden we galla önümlerinden taýýarlanan nahara ýumurtga çakylsa, tagamyň witamindir mineral taýdan üsti ýetiriler.
Ýumurtga aşhanamyzdaky esasy goşundy tagam hökmünde garalýar. Ony köp tagamlary taýýarlamakda ulanyp bileris.
Ýumurtganyň agyndaky proteiniň tagamlary çişiriji häsiýeti bar. Şol sebäpdenem ol tortdyr keks ýaly tagamlar taýýarlananda tebigy çişiriji hökmünde ulanylmalydyr.
Ýumurtga öý şertlerinde saklananda, sowadyjyda ýuwulman goýulmaly. Ony diňe ulanjak wagtyň ýuwmaly.
Ýumurtganyň daşynda ony mikroplardan goraýan örän ýuka gatlak bolup, ol ýuwlanda aýrylýar.
Ýumurtgany sowadyjyda peýnir, sogan, balyk ýaly ýiti ysly iýmitleriň ýanynda goýmaly däl. Onuň gabygy gözenekli bolansoň, ysy özüne siňdirýär.
Ýumurtga gabygy bilen gaýnadylanda 4 minutda agy, 12 minutda bolsa ähli ýeri bişýär.
Ýumurtganyň agyndaky iýmitlik maddalaryň görnüşleri hem-de mukdary sarysyndakydan has az bolýar.