“Düýn – taryh,
ertir – gelejek,
bu gün – sowgat”
Bu jümle bize berlen gymmatly sowgatdan
peýdalanmalydygyny ýatladýar.
Eýsem, wagt barada nämeleri bilýäris?!
Geliň, bu baradaky käbir zatlary öwreneliň!
Müň sekunt 16 minut, bir million sekunt 11 gün, bir milliard sekunt 32 ýyl, bir trillion sekunt 32 müň ýyl töweregi wagt bolýar.
Bir ýylyň dowamynda 31,557,600 sekunt bar.
Marsda bir ýyl 686 gün dowam edýär. Ýagny, Gyzyl planetanyň Günüň daşyndan bir gezek aýlaw etmegi üçin şonçarak wagt gerek.
Her minutda Ýer ýüzünde alty müň ýyldyrym çakýar.
Astronomlar älemiň 13,8 milliard ýyl ozal dörändigini çaklaýarlar.
Wagty has takyk görkezýän sagatlar kosmos barlaglarynda peýdalanylýar.
Iň kiçi wagt birligine Plank wagty diýilýär.
Irki döwürlerde peýdalanylan Gün sagatlary, Günüň asmandaky ýerine görä wagty hasaplamakda peýdalanylypdyr.
Adaty ýolagçy uçarynyň tizligi bilen Aýa gidilse, 63 ýylda baryp bolar.
Halkara Kosmos Bekedinde Grinwiç ortaça wagty ulanylýar.
Dünýäniň ähli ýerindäki ýerli wagt Grinwiç meridian wagtyna görä sazlanan.
Häzirkilere meňzeş ilkinji sagady Peter Henlýaýn 1511-nji ýylda ýasapdyr. Ol kiçi göwrümli jübi sagatlaryny işläp taýýarlapdyr.
Dünýäniň iň uly adasy bolan Grenlandiýada 4wagt guşaklygy bar.
Aý Ýeriň daşyndan 27,32 günde aýlanýar.