Ýer ýü­zün­de agaç­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ga­bat gel­ýär. Bu ösüm­lik­ler bo­ýy, sü­tü­ni­niň giň­li­gi, şa­ha­la­ry­nyň ýaý­ra­wy, kö­kü­niň uzyn­ly­gy, tut­ýan göw­rü­mi, ýa­şy ýa­ly ugur­lar­da bir-bir­in­den ta­pa­wut­lan­ýar. “Adan­so­ni­ýa” at­ly agaç iň ýo­gyn agaç ha­sap­lan­ýar. Af­ri­ka­da, Hindistanda we Awst­ra­li­ýa­da ös­ýän bu ösüm­li­giň se­kiz gör­nü­şi bar. Ösüm­li­giň ady ony il­kin­ji ge­zek yl­my taý­dan öw­re­nen fran­suz bo­ta­ni­gi Mi­şel Adan­son bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. “Bao­bab” hem di­ýil­ýän bu ösümligiň “maý­my­nyň çö­re­gi”, “çüý­şe aga­jy” ýa­ly at­la­ry hem bar. “Maý­my­nyň çö­re­gi” di­ýil­me­gi­niň se­bä­bi maý­myn­lar onuň mi­we­le­ri­ni go­wy gör­ýär. “Çüý­şe agajy“ di­ýil­me­gi­niň se­bä­bi bol­sa, gu­rak te­bi­gat­da ös­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu ösümligiň dü­zü­min­de köp muk­dar­da suw bol­magydyr. Şol se­bäp­li kä­ha­lat­lar­da to­kaý­da ýan­gyn döräninde bu agaç­lar ýan­man gal­ýar. Dia­met­ri 15 met­re ýet­ýän bir aga­jyň dü­zü­min­de 115 ton­na suw sak­lan­ýan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr. Ösüm­lik ýa­gyş­ly möw­süm­de suw ýyg­na­ýar. Şol döwürde aga­jyň dü­zü­mi­niň 76 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bol­ýar. Ýer­li ilat gu­ran agaç­la­ryň ýo­kar­sy­ny ke­sip, or­ta­syn­da­ky kö­we­gi suw sak­la­mak üçin hem peý­da­lan­ýar. Aga­jyň bo­ýy 40 met­re çen­li ýet­ýär. Onuň ýap­rak­la­ryn­dan, mi­we­sin­den, kö­le­ge­sin­den peý­da­lan­ýan on­lar­ça jan­dar bo­lup, ki­çi­räk ekoul­ga­my dö­red­ýär. Bao­ba­byň ga­by­gy­nyň as­tyn­dan alyn­ýan sü­ýüm­den ýüp, se­bet, egin-eşik ýa­ly zat­lar taý­ýar­lan­ýar. Onuň ar­ty­lan ga­by­gy gys­ga wagt­dan gaý­ta­dan ösüp çyk­ýar. Aga­jyň mi­we­si, ýap­rak­la­ry we gül­le­ri iý­mit hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Gu­ra­dy­lan ýap­rak­la­ry­nyň der­man­lyk hä­si­ýe­ti bar. Mi­we­sin­den süý­ji şer­bet­ler taý­ýar­lan­ýar. Ja­han­keş­de­ler bu tä­sin ösüm­li­gi gör­mek üçin alys ýurt­lar­dan gel­ýär­ler. Şeý­le agaç­la­ryň bi­ri Se­ne­ga­lyň Žo­al-Fadiut şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ös­ýär. Ýer­li halk bel­li baý­ram­çy­lyk­lar­da onuň tö­we­re­gin­de ýyg­nan­ýar­lar. Şol aga­jy gör­mä­ge ýö­ri­te bar­ýan­lar üçin bol­sa, onuň tö­we­re­gin­de ja­han­keş­de­le­re hyz­mat ed­ýän dür­li dü­kan­lar we beý­le­ki des­ga­lar bar. Bu aga­jyň 2000 ýa­şyn­da­dy­gy çak­la­n­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den 450-600 metr be­lent­lik­de ös­ýän bu ösüm­lik te­bi­gy we eme­li usul­da kö­pel­ýär. Bao­bab­la­ryň 6 gör­nü­şi Ma­da­gas­kar ada­syn­da, bir gör­nü­şi Awst­ra­li­ýa­da ösýär. Hü­när­men­ler bu aga­jyň ga­ty daş­ly mi­we­si­niň uzak wagt­lap za­ýa­lan­man sak­lan­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, müň­ler­çe ýyl ozal um­man tol­kun­la­ry ar­ka­ly Awst­ra­li­ýa ba­ryp ýe­ten­di­gi­ni we şol ýer­de kö­pe­len­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. XIII asy­ryň baş­la­ryn­da bol­sa söw­da­gär­leriň Hin­dis­ta­na äki­den­di­gi çak edil­ýär. Bu tä­sin agaç “Şa ýol­bars”, “Ma­da­gas­kar” we beý­le­ki mult­film­ler­de hem su­rat­lan­dy­ryl­ýar.