Bu söz la­tyn­ça “meň­ze­şi­ni ýa­sa­mak” diý­me­gi aň­lad­ýan “fac si­mi­lar” sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Ara­gat­na­şy­gyň bu gör­nü­şi ibe­ri­ji we ka­bul edi­ji iki en­jam ar­ka­ly haý­sy­dyr bir ýaz­gy­ny ýa-da şe­ki­li baş­ga ýe­re ge­çir­ýär. Ibe­ri­ji en­jam mag­lu­ma­ty elekt­rik sig­nal­la­ry­nyň üs­ti bi­len te­le­fon ýa-da ra­dio ge­çi­ri­ji­le­ri ar­ka­ly ka­bul edi­ji en­ja­ma ge­çi­ril­ýär. Ka­bul edi­ji en­jam ge­len mag­lu­ma­ty gaý­ta­dan su­ra­ta öw­rüp ka­gy­za ýaz­ýar. Il­kin­ji faks en­ja­my­ny 1843-nji ýyl­da şot­land in­že­ne­ri Alek­sandr Beýn oý­lap tap­ýar. Il­kin­ji tok­ly sa­ga­dy hem iş­läp dü­zen Beýn Ed­in­burg-Glaz­go ara­ly­gyn­da­ky te­leg­raf ge­çi­ri­ji­si­ni hem dö­red­ýär. Fre­de­rik Beýk­well Beý­niň en­ja­my­ny has-da kä­mil­leş­di­rip, 1851-nji ýyl­da­ky hal­ka­ra ser­gi­de köp­çü­li­ge gör­kez­ýär. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş faks en­ja­my­ny 1924-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly Ri­çard H. Ran­jer oý­lap tap­ýar. Şol ýy­lyň 24-nji no­ýab­ryn­da Nýu-Ýork­dan Lon­do­na bir su­rat ibe­ril­ýär.

Ne­mes pro­fes­so­ry Ar­tur Korn hem faks en­ja­my­ny taý­ýar­la­ýar. Onuň iş­läp dü­zen en­ja­my ar­ka­ly 1907-nji ýyl­da Lon­don­da çap edil­ýän “Dai­ly Mir­ror” ga­ze­ti­ne Pa­riž­den su­rat ibe­ril­ýär. Bu en­jam­lar 1970-nji ýyl­lar­da has hem kä­mil­leş­di­ril­ýär. 1980-nji ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da Ýa­po­ni­ýa­da san­ly faks en­jam­la­ry ön­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, in­ter­net ar­ka­ly elekt­ron poç­ta­la­ryň üs­ti bi­len dür­li hat­la­ry we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry dün­ýä­niň is­len­dik ýe­ri­ne bir­nä­çe se­kun­dyň do­wa­myn­da ibe­ri­p bol­ýar.