Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly, edebi-çeper döredijilik duşuşyklary işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzda tutuş Gündogaryň akyldary hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň mertebesi belent tutulýar.
Akyldar şahyryň şygryýeti, onuň bagşyçylyk sungatyna eden täsiri barada gürrüň etmek aýratyn ýakymly bolup durýar. Şunlukda, akyldaryň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň hut özüne bagyşlanyp döredilen eserler halkymyzyň kalbynda mäkäm orun aldy. Çünki akyldar şahyryň goşgulary halka ýakynlygy, ýaşlary asylly işlere ruhlandyrýandygy we many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi söz sungatynyň başlangyjy hasaplanylýan baý folklor çeşmelerine daýanýar. Şeýle hem Magtymgulynyň goşgulary köptaraplylygy, çeperçiligi, aýdym sungatyna laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Şahyryň dürli çeperçilik tärlerinden ussatlarça peýdalanyp bilmegi, şahyrana dili onuň goşgularynyň täsirini has-da artdyrýar.
Beýik şahyryň şanyna guralýan dabaralarda bir supranyň başyna jem bolan agzybir halkymyzyň zybanynda onuň kerem-gudratly şygyrlary peýda bolýar. Onuň şygyrlaryny okadygymyzça ruhumyz belende göterilýär, ýüreklerimiz telwas edip, göwünlerimiz galkynýar.
Şahyryň goşgulary türkmen bagşylarynyň dillerinden düşmän gelýär. Çünki Magtymgulynyň uçursyz zehini, döredijiligi türkmen halkyna şöhrat getirdi hem-de diňe bir biziň halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi hazynasyna uly goşant boldy. Soňky ýyllarda dünýäniň dürli ýurtlarynda – Türkiýe Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada we başga-da birnäçe döwletlerde Magtymguly Pyragynyň adynyň ebedileşdirilmegi, onuň heýkelleriniň oturdylmagy, akyldaryň eserleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Özüniň şahyrana dünýäsi bilen türkmen halkynyň at-abraýyny dünýä meşhur eden akyldar şahyrymyzyň goşgularyny ýedi yklyma ýetirmekde sungat işgärleriniň, bagşy-sazandalaryň hyzmatlary juda uludyr. Çünki şahyryň döredijilik akabasy bagşylarymyz üçin bahasyz hazyna bolupdyr. Akyldaryň: “Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar” diýen ganatly setirleri bagşylarymyzyň ylham çeşmesine öwrülipdir. Aslynda, türkmen bagşylarynyň arasynda Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýtmaýany ýokdur. Bagşyçylyk sungatymyzyň sütün halypalarynyň biri, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow öz halypasy Hally bagşydan ak pata alanda Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan halk aýdymlaryndan aýdypdyr. Şolaryň arasynda “Ýarahum” diýen halk sazyna aýdylan “Gözel sen” diýen meşhur aýdym hem bar eken.
“Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan aýy gözel sen.
Usta Jepbar işi, senjap jüpbesi,
Yspyhanda gurlan ýaýy gözel sen!”
Sahy halypanyň şägirtleri hem onuň ýoluny döredijilikli dowam edipdirler. Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Ylýasowyň ýag ýaly sesi bilen aýdyp giden “Ýagşydyr” aýdymyny diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Öwüt-ündew häsiýetli ýaňlanýan bu şirin aýdymyň terbiýeçilik ähmiýeti juda ýokarydyr.
“Adam ogly bu dünýäge gelensoň,
At bilen abraýy alan ýagşydyr.”
diýen setirler bilen başlanýan bu aýdym toý-tomaşalaryň, baýramçylykdyr dabaralarymyzyň bezegidir. Şahyryň goşgularyna aýdylýan halk aýdymlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýörite öwredilýär.
Öz il-halky bilen ýürek-bagry badaşan akyldarlar halkyň ýagty geljegini hem öňünden buşlamagy başarýarlar. Magtymguly Pyragynyň bir bitewi döwlet bolup ýaşamagy arzuw etmegi hakykata öwrüldi. Agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şaýoluna düşüp, ynamly hem-de buýsançly öňe barýar. Röwşen geljege alyp barýan şeýle ýollarda Magtymgulynyň şygyrlary hemişe akyl gämisi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin halkyň şahyra bolan söýgüsi goşgy setirlerine siňip, şirin sazlar bilen utgaşýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gara Seýitliýewiň “Şahyrym”goşgusyna Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowyň döreden adybir aýdymy muňa mysal bolup, bu babatda dörejek täze eserler üçin görelde mekdebi boldy.
“Şahyrym, sen dünýäň bir akyldary,
Dünýämiz dürdäne söz hyrydary,
Görsediň Watanda bu gün gülzary,
Dörärdi dessanlar göwün şadyňdan.”
Ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady çeper eserlerde beýan edilip, aýdym-sazlara siňip, dowamat-dowamata öwrülýär. Dünýä belli türkmen kompozitory Weli Muhadow “Magtymguly Pyragy” atly simfoniýasyny döredip, öz kärdeşlerine görelde boldy. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow şahyryň goşgularyna birnäçe aýdym döretdi. Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Atageldi Garýagdyýew ussatlaryň döreden “Şirgazy”, “Soňydagy” aýdymlary bilen daşary ýurtlaryň ençemesinde çykyş edip, diňleýjileriň alkyşyny aldy. Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň döreden “Armanym galdy” aýdymy hem dörän gününden bäri professional aýdymçylar bilen bilelikde çeper höwesjeňleriň hem dillerinden düşmän gelýär.
Ähli döwürleriň we nesilleriň mäkäm arabaglanyşygy bolan sungat eserleri türkmen halkynyň özboluşly döredijilik dünýäsini äleme äşgär etdi. Häzirki döwürde türkmen sungaty dünýä çykdy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary Arkadag Prezidentimiziň sungat baradaky ganatly jümlelerini baýdak edinip, türkmen sungatyny dünýä çykarýarlar. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli çärelerde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň möhüm orun eýeleýändigi bellenmäge mynasypdyr. Türkmen kompozitorlary, bagşy-sazandalar, mukamçy kompozitorlar ýygy-ýygydan Magtymguly Pyragynyň eserlerine ýüzlenýärler.
Şeýlelikde, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda we yzygiderli goldaw bermeginde beýik şahyryň goşgulary ajaýyp sungat eserine öwrülýärler. Bu bolsa ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegini şertlendirýär.
Magtymguly Magtymgulyýew,
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa
Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň mugallymy.