Pikir tolkunlary
Ýüzüp bilmeýän bir adam derýanyň çuňlugyny bilmän, suwa girensoň, dowla düşüp, yzyna çykmagyň alajyny gözläp ugrapdyr. Onuň turuzýan pagşyldylaryndan ýaňa, derýanyň gyrasyna tolkun bary urupdyr. Ol bu tolkunlary äpet akymlardyr öýdüp, has-da gorka gaplanypdyr. Şeýlelikde, ol derýanyň tolkunlary bilen çynlakaý göreşe giripdir.
Ahyrsoňy gark bolup barýan adam, suwda nädip saklanmalydygyna göz ýetiripdir-de, ýuwaş-ýuwaşdan kenara çenli baryp bilipdir. Ol suwdan çykyp, yzyna öwrülse, derýanyň ýüzi bütinleý parahat eken. Görlüp oturylsa, ol öz döreden tolkunlary we pagşyldylary bilen göreşýän bolsa nätjek.
Pikir näçe köp bolsa, şonça-da şowsuzlyk; sen guş sürüsi ýaly pikirleriňden halas bolsaň, has uly rahatlyga gowşarsyň. Ähli şowsuzlyklar biziň özümizden başlanýar. Eger-de aňymyzy bolar-bolgusyz dürli pikirlerden saplap, durlasak, rahatlyga alyp barýan ýoly tapmaga mümkinçilik taparys.
Gaty ses
Bir gezek mugallym şägirtlerinden sorapdyr:
– Näme üçin adamlar sözleri azaşanda seslerini gataldýarlar?
– Rahatlygyny ýitirýän bolaýmasalar – diýip, şägirtleri seslenipdirler.
– Eger-de ikinji adam seniň ýanyňda bolsa, onda sesiňi gataltmagyň nämä geregi bar? – diýip, mugallym sorapdyr.
Şägirtleri aňk-taňk bolup, eginlerini gysmak bilen oňaýypdyrlar. Olar bu barada hiç haçan pikir etmän ekenler. Onsoň, mugallym dowam etdiripdir:
– Haçan-da, adamlar öz arasynda jedelleşenlerinde ýa-da olaryň arasynda düşünişmezlik dörände, olaryň ýürekleri biri-birinden aýra düşýär. Şeýlelikde, olar biri-birini eşitmek üçin seslerini gataltmaly bolýarlar. Olaryň gahary we närazylygy näçe çökder bolsa, şonça-da sesleri gaty çykýar.
– Eger-de, adamlar biri-birini halasalar näme bolýandygyny bilýäňizmi? – diýip, mugallym gürrüňini dowam etdiripdir. – Şeýle ýagdaýda, olar seslerini gataltman, gaýtam, örän ýuwaş gürleýärler. Şonda, olaryň kalplary biri-biriniňkä juda ýakyn durup, arasyndaky boşluk ýitip gidýär diýen ýaly.
– Eger-de adamlaryň arasynda söýgi höküm sürse näme bolar? – diýip, mugallym ýene-de dowam etdirýär. – Şeýle ýagdaýda, olar gürleşmän diňe pyşyrdaýarlar. Käwagt sözleşmegiň hem geregi ýok, olaryň gözleri hemme zady aýdýar. Unutmaň, jedel sizi biri-biriňizden aýra salýar, gaty ses bilen aýdylan söz bolsa, bu aralygy has-da artdyrýar. Şoňa görä, hemme zatda çeniňi bilmeli, çünki, şol aralyk artdygyça, yzyňa gaýdýan ýoly tapmak aňsat düşmeýär.
Öýke
Bir gezek okuwçy mugallymyndan sorapdyr:
– Siz şeýle bir paýhasly. Hemişe özüňizi parahat alyp barýarsyňyz, hiç zada gaharyňyzy getirmeýärsiňiz. Meniňem siz ýaly bolasym gelýär.
Mugallym ylalaşyp, okuwçysyna:
– Beýle bolsa, men saňa şeýle maslahat bereýin. Eger-de, sen kimdir birinden göwnüň galyp, kine saklaýan bolsaň, bir torbany al-da, gaharyňy getireniň adyny ýeralmanyň ýüzüne ýaz-da, ony torbanyň içine at – diýipdir.
– Bary şolmy? – diýip, okuwçy aňk-taňk bolup, dillenipdir.
– Ýok, sen ýeralmaly torbany hemişe ýanyňda götermeli borsuň. Her gezek, birinden göwnüň galanda, öýkeleşeniň adyny ýeralma ýazyp, torbanyň içine oklarsyň – diýip, mugallym jogap beripdir.
Okuwçy ylalaşypdyr. Ep-esli wagt geçipdir. Okuwçynyň torbasy ýeralmalardan dolup, agramy hem artyp ugrapdyr. Ony hemişe ýanyňda götermek hem aňsat düşmändir. Üstesine-de başdaky oklan ýeralmalary üýtgäp, ýakymsyz ys ýaýradyp ugrapdyr.
Okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip:
– Men indi mundan artyk çydap biljek däl. Birinjiden, torba juda agyr, ikinjiden hem, ýeralmalar üýtgäp ugrady. Başga teklibiň ýokmy? – diýipdir.
Şonda mugallym şeýle diýipdir:
– Adamlar bilenem edil şeýle ýagdaý bolup geçýär. Haçan-da, sen kimdir birine gaharlanaň-da, ýa-da göwnüň galanda seniň ýüregiňde agyr daş peýda bolýar. Soňra daşlar dura-bara köpelýär. Ol ýük bolsa, hemişe ýanyňda götererden juda agyr. Ýöne sen ony birbada duýmansyň. Men diňe saňa bu ýagdaýy daşyndan seretmek mümkinçiligini döretdim. Her gezek kimdir biriniň göwnüne degmekçi ýa-da tersine bir zady göwnüňe almakçy bolsaň, bu ýüke zerurlygyň bardygy ýa-da ýoklugy barada çynlakaý oýlan – diýip, ýylgyrypdyr.
Terjime eden Şemşat GOŞNYÝAZOWA, S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.