Soňky ýyllarda energiýanyň arassa çeşmelerini tapmak, bar bolanlaryny has netijeli peýdalanmak üçin köp tagalla edilýär. Hünärmenler suw damjalaryndan ýokary güýjenmeli tok öndürip bilýän generatory işläp taýýarladylar. Gonkongyň şäher uniwersitetiniň hünärmenleriniň işläp düzen enjamy bir damjadan 140 V ýa-da 100 sany kiçi LED lampany gysga wagtlyk ýakmaga ýetjek tok öndürýär. Bilermenler gysga wagtlyk tok öndürmegiň kyn däldigini, emma ony yzygiderli ýagdaýa getirmegiň kyndygyny aýdýarlar. Şol sebäpli entek bu açyşyň has-da kämilleşdirilmelidigini, geljekde binalaryň üçeklerinde Gün panelleri ýaly ýagyş panelleriniň oturdylyp bilinjekdigini aýdýarlar. Ýeri gelende aýtsak, mundan ozal Günden energiýa alýan panelleriň damjadan peýdalanyp tok öndürýän görnüşleri hem işlenip düzülipdi.