Eliňi nädip ýuwmaly?
– Ilki eliňi suw bilen ýuwmaly, soňra sabynlamaly.
– Eliň aýasyny we arka tarapyny köpürjik bilen mazaly owkalamaly.
– Barmaklaryň arasyny, aýaňy, dyrnaklaryň düýbüni hem-de uçlaryny we goşaryňyzy ýuwmagy unutmaly däl.
– Akyp duran suwuň aşagynda durlamaly.
– Eliňi guratmak üçin kagyz süpürgiç ulanmaly. Eger adaty süpürgiç ulanylýan bolsa, ol ýygy-ýygydan ýuwlup arassalanan hem-de gury bolmaly.
Eliňi haçan ýuwmaly?
– Nahardan öň we soň.
– Dişiňi, agzyňy, ýüzüňi we gözüňi haýsydyr bir sebäp bilen ellemezden öň.
– Hajathanadan çykandan soň.
– Haýsydyr bir sebäp bilen elimiz kirlän bolsa.
– Daşardan öýe girilende ýa-da mekdebe barlanda.
– Irden turlan mahaly, agşam ýatmazdan ozal.
Dyrnaklaryň arassaçylygyna hem üns bermeli. Hepdede bir gezek dyrnaklar alynmaly. Ösgün dyrnaklaryň aşagyndaky hapalary aýyrmagyň ýeke-täk ýoly dyrnagyňy almakdyr. Uzyn dyrnagyň aşagynda saklanýan kirleri aýryp bilýän arassaçylyk serişdesi ýok. Şol sebäpli ösgün dyrnagy nähili usul bilen, näme bilen ýuwsaň hem onuň aşagynda hapa galýar.
Diş saglygy
Dişimizi yzygiderli arassalamagy endik edinmek, diňe diş saglygymyza däl, eýsem iýmit siňdiriş ulgamyna hem peýdaly. Kiçilikde dişimizi ýuwmagy öwrenmek bilen, geljekde dişiňiziň çüýremeginiň we beýleki kesellere uçramagynyň öňüni alyp bilersiňiz.
Dişimizi haçan ýuwmaly?
Her gün iki gezek – ýatmazdan öň we ertirlikden soň. Öz ýaşyňyza görä diş pastasyny ulanmalydygyny hem unutmaň. Dişimizi 2 minutlap ýuwmaly. Gazly, şekerli içgileriň we iýmitleriň dişiňize zeper ýetirýändigini unutmaň
Ýüzüň arassaçylygy
Irden turlanda hem-de ýatmazdan ozal, ýüzüňizi ýuwmaly. Ulanyljak sabyn derini guratmaýan häsiýetde bolmalydyr.
Günuzyn jorabyň içinde duran aýak derleýär. Şol sebäpli aýaklarymyzy her gün ýuwmaly. Her gün arassa jorap geýilmeli. Bir jorap bir gün geýlenden soňra ýuwulmaly. Pagtadan edilen joraplar saglyk üçin has ýaramly hasaplanýar. Aýaklarymyzdaky barmaklaryň dyrnaklary hem yzygiderli alynmaly. Aýagyňdaky dyrnaklar ýaý görnüşinde däl-de, tekiz kesilmeli. Ýogsa, iki gyrasy deriňe batmagy mümkin.
Daş-töweregiň arassaçylygy
Oýnaýan ýeriňizi, sapaklaryňyza taýýarlanýan stolyňyzy, ýatýan otagyňyzy arassa saklamaly. Öz arassaçylygyňa yzygiderli üns bermegi öwrenmek siziň geljekde has jogapkärli işleri etmegiňize taýýarlyk bolar. Ýaşaýan howlyňyzy, ýöreýän ýoluňyzy, münýän ulagyňyzy, okaýan mekdebiňizi hem arassa saklamaga üns bermeli. Haýsydyr bir gerekmejek zady çem gelen ýere zyňyp goýbermeli däl. Üsgürip-asgyrylanda agzyňy eliň aýasy bilen däl-de, elýaglyk bilen ýapmaly. Arassaçylyk meselesinde gerek bolan ýagdaýynda ululardan kömek soramalydygyny unutmaň!
Öz şahsy hem-de ýakynymyzdaky beýleki adamlaryň saglygyny goramagyň esasy usullarynyň biri arassaçylykdyr. Diňe bir beden arassaçylygy däl, ulanylýan ähli ýeri we zady hem arassa saklamak zerurdyr. Arassaçylyk endigini edinmek saglygymyzy goramaga uly ýardam edýär. Belli bir ýaşdaky çaga nahardan öň we soň, daşardan gelende, hajathanadan çykanda elini ýuwmagy endik edinmeli.