Hä­zir­ki dö­wür­de peý­da­la­nyl­ýan iň tä­ze we aň­sat tö­leg ul­ga­my bo­lan elekt­ron tö­le­giň dö­red­ýän ýe­ňil­lik­le­ri müş­de­ri­le­re-de, eda­ra-kär­ha­na­la­ra-da bäh­bit­li bo­lup dur­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te we elekt­ron se­na­ga­tyn­a aý­ra­tyn üns be­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de bu ugur­da bir­nä­çe iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da şä­he­ri­çi ýo­lag­çy aw­to­bus­la­ryn­da gal­ta­şyk­syz tö­leg ul­ga­my, de­mir­ýol pe­tek­le­ri­niň komp­ýu­te­riň ýa-da smart­fo­nyň üs­ti bi­len sa­tyn al­nyp bi­lin­me­gi, söw­da no­kat­la­ryn­da sa­tyn al­nan ha­ryt­la­ryň kart ar­ka­ly tö­leg ka­bul et­me­gi giň­den ýo­la go­ýul­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, bank kart­la­ry ar­ka­ly bir­nä­çe elekt­ron tö­leg­le­ri ama­la aşyr­mak müm­kin. Bu­lar müş­de­ri­le­re hem-de ha­ryt we hyz­mat hö­dür­le­ýän ta­rap­la­ra uly ýe­ňil­lik dö­red­ýär. Tö­le­giň bu gör­nü­şi müş­de­ri­le­re wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga-da ýar­dam ed­ýär.

In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň ýaý­baň­lan­ma­gy bi­len uly is­leg­den peý­da­lan­ýan elekt­ron söw­da­nyň dür­li gör­nüş­le­ri peý­da bol­dy. Elekt­ron tö­leg­le­re karz we bank kart­la­ry, mo­bil prog­ram­ma­lar we on­laýn tö­leg­ler de­giş­li bo­lup dur­ýar. Bu usul­da söw­da et­mek üçin ýa­nyň­da nagt pul gö­ter­mek ze­rur­ly­gy ara­dan aý­ryl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl glo­bal ba­zar­da elekt­ron tö­le­giň muk­da­ry 3,5 tril­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý­lap­dyr. Bu ugur­da ABŞ, Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we Ger­ma­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ila­ty­nyň köp bö­le­gi­ni ýaş­lar tut­ýan ýurt­lar­da elekt­ron söw­da has ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýär. 2018-nji ýyl­da dün­ýä­de in­ter­net­den peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň 50 gö­te­rim­den ge­çen­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bu ýag­daý in­ter­net ar­ka­ly ama­la aşyr­yl­ýan söw­da­nyň möç­be­ri­ni hem art­dyr­dy. Mo­bil en­jam­lar ar­ka­ly elekt­ron tö­le­gi ama­la aşyr­mak­da Azi­ýa ýurt­la­ry dün­ýä­de öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

Elekt­ron gap­jyk­lar, mo­bil tö­leg prog­ram­ma­la­ry ýa­ly elekt­ron söw­da­nyň köp gör­nü­şin­de bank ha­sa­by­na ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. Bu ýag­daý hem elekt­ron söw­da­nyň ýaý­baň­lan­ma­gy­na go­şant goş­ýar. “World­Pay” şe­re­ke­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da 150 tö­we­re­gi on­laýn tö­leg ul­ga­my bar. Elekt­ron söw­da­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy karz ýa-da bank kar­tyn­dan baş­ga usul­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem ýa­kyn gel­jek­de elekt­ron gap­jyk­la­ryny ula­nýanlaryň sanynyň bank kart­la­ryn­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Elekt­ron söw­da­nyň ýaý­baň­lan­ma­gyn­da, esa­san, tä­ze­çil tö­leg çöz­güt­le­ri­niň iň tä­sir­li gu­ral bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.