Gündelik durmuşymyza ornaşan kompýuterlerdäki harplardan başga-da birnäçe şekiljikler bar. Eýsem, hat ýazylanda hem ulanylýan bu dyngy belgileriniň we beýleki nyşanjyklaryň nähili manysy barka?
Häzirki wagtda islendik dilde gepleýän adama hem düşnükli bolan smaýlikler ýaly, kompýuter klawiaturasyndaky nyşanlaryň hem köpüsi elektron enjamlaryň peýda bolmagyndan has öňem bardy. Biziň dilimizde smaýlik diýilýän gülerýüz nyşanjygyna köp dilde “emoji” diýilýär. “Emoji” ýaponça söz bolup, surat manysyndaky “e” hem-de harp manysyndaky “moji” sözlerinden emele gelipdir. Gülerýüz diýilýändigine garamazdan smaýlikleriň duýgyny, gündelik durmuşda ýerine ýetirilýän işleri aňladýan ýüzlerçe görnüşi bar. Elektron poçtalardaky “@” belgisi hem ýazuwda kompýuterden we internetden has öň peýda bolupdyr.
türkmen dilinde “we” diýmegi aňladýan bu şekiliň latynça “and per se and” (“öz-özünden”) sözünden gelip çykandygy aýdylýar. Häzirki wagtda bu belgi iki manyda hem ulanylýar. Latyn ýazgylarynda bu belginiň miladydan ozalky 500-nji ýyllardan bäri ulanylýandygy bellenilýär.
asmandaky ýyldyzlary haýsydyr bir ýakynlaşdyryjy gural bolmazdan, aňsatlyk bilen saýgaryp bolýar. Bizden millionlarça kilometr uzakdaky bu ýagty jisimler bulutsyz gijelerde mese-mälim görünýär. Şol sebäpli irki döwürlerde matematikler ýyldyzyň şekilini köpeltmek belgisi hökmünde ýazyp başlapdyrlar. Soňky ýyllarda bolsa, beýleki ýazgylarda ähmiýetli zady alamatlandyrmak üçin ýyldyzjyk ulanylyp başlanypdyr.
internetiň peýda bolmagy bilen bu belgi has köp ulanylyp başlandy. Hat, surat we beýleki maglumatlary dünýäniň alysdaky künjegine göz açyp-ýumasy salymda ibermekde peýdalanylýan elektron poçtalarda bu belgi ýazylýar. Onuň iňlis dilindäki ady “each”, ýagny “her biri” diýmek. Bu belgi internet peýda bolmazdan ozal bölek söwda satuwynda ulanylypdyr. Häzirki wagtda hem käbir ýurtda satylýan harytlaryň ýüzünde bu belgini görmek bolýar. Mysal üçin, “5 dollar @ 3 žurnal” diýlip ýazylan bolsa, bir gabyň ýa-da bukjanyň içinde üç žurnalyň bardygy we olaryň her biriniň bahasynyň 5 dollardygyny aňladýar.
gözenek diýlip atlandyrylýan bu belgi tertip sanlaryň öň ýanynda goýulýar. Gazet-žurnallar ýaly döwürleýin neşirlerde bolsa, neşiriň sanyny görkezmekde ulanylýar. Şeýle hem massa birligi hökmünde funt ulanylýan käbir ýerlerde funt manysynda getirilýär.
orta asyrlarda latyn dilinde peýda bolan “virgule” (otur) we “tire” (çyzyjak) belgilerinden emele gelendigi çaklanylýar. Häzirki wagtda internet sahypalarynyň atlarynda, sene görkezilende, belli bir wagtda geçilen tizlik we beýleki ýerlerde ulanylýar.
käbir ýer-ýurt atlarynda gabat gelýän bu belgi käbir dilde sözleri gysgaltmak üçin ulanylýar. Şeýle hem internetde HTML kodlarynda peýdalanylýar.