Gys­ga
he­ka­ýa­la­ryň
us­sa­dy

An­ton Paw­lo­wiç Çe­how rus ede­bi­ýa­tyn­da, şol san­da dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da aja­ýyp kyssa­çy hem d­ra­ma­turg hök­mün­de giň­den bel­li­dir. A. P. Çe­how 1860-njy ýy­lyň 29-njy ýan­wa­ryn­da Ta­gan­rog şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. 1876-njy ýyl­da An­ton öz­baş­dak dur­muş­da ýa­şa­ma­ga ga­dam bas­ýar. Şeý­le­lik­de, on al­ty ýaş­ly ýet­gin­jek Mosk­wa gel­ýär. 1879-njy ýyl­da Mosk­wa uni­wer­si­te­ti­niň luk­man­çy­lyk bö­lü­mi­ne oku­wa gir­ýär. 1884-nji ýyl­da ol bu okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lap, uýezd luk­ma­ny bo­lup iş­läp baş­la­ýar. “Os­kol­ki” we “Stre­ko­za” at­ly ýu­mo­ris­tik ne­şir­de çy­kan he­ka­ýa­la­ry ede­bi­ýat­çy­la­ryň ün­sü­ni çe­kip baş­la­ýar. Ol özü­niň gys­ga öm­rün­de dün­ýä meş­hur he­ka­ýa­la­ry­ny, po­west­le­ri­ni, sah­na eser­le­ri­ni dö­ret­mä­ge ýe­tiş­ýär. Ede­bi­ýat äle­min­de Çe­ho­wy gys­ga­jyk he­ka­ýa­la­ry bilen dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren us­sat hök­mün­de yk­rar ed­ýär­ler. Ýö­ne, onuň po­west­le­ri hem özü­niň çe­per­çi­li­gi, yn­sa­nyň kalbyna ed­ýän tä­si­ri, umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri­ne ara­la­şy­şy bi­len gys­ga­jyk he­ka­ýa­la­ryn­dan as­la-da pes otur­ma­ýar. Rus ýa­zy­jy­sy An­ton Paw­lo­wiç Çe­how 1904-nji ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da ara­dan çyk­ýar. Onuň “Söý­gi hak­da”, “Ýa­ny it­li­je zenan”, “Bus-bus adam”, “6-njy bel­gi­li pa­la­ta”, “Ge­lin­lik” ýa­ly he­ka­ýa­la­ry, “Säh­ra”, “Gi­ji­gen gül­ler” ýa­ly po­west­le­ri, “Ül­je ba­gy”, “Üç uýa”, “Çar­lak” ýa­ly pýe­sa­la­ry dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gir­di.

Bagtyň salgysy
Ma­ri­ýa Iwa­now­na Lan­ge­riň to­kaý­da­ky ka­şaň ja­ýy­nyň eý­wa­nyn­da, onuň gy­zy Nad­ýa bi­len Mosk­wa­nyň bel­li tä­ji­ri­niň og­ly Iwan Gaw­ri­lo­wiç dur­dy.
Ag­şamyň hoştap howasy göwnüňi göterýärdi. Eger-de men te­bi­ga­ty wasp ed­ýän söz us­sa­dy bol­sam­dym, on­da bu­lu­dyň aňyr­syn­dan mä­hir bi­len bak­ýan hem-de özü­niň aý-aý­dyň­ly­gy bi­len to­ka­ýa, ja­ýa we Nad­ýa­nyň hoş ro­ýu­na röw­şen­lik çaý­ýan Aý jemalyny wasp eder­dim. Agaçla­ryň ýu­waş­ja şy­gyr­dy­sy­ny, bil­bil­le­riň saý­raý­şy­ny, çeş­me­le­riň ça­la­ja eşi­dil­ýän şag­gyl­dy­sy­ny ta­ryp eder­dim.
Nad­ýa dy­zy­ny kür­si­niň gy­ra­sy­na di­räp, ger­meç­den tutup dur­şuna, gymyldaman, ag­ras­dan mä­hir­li, çyn­la­kaý na­za­ry­ny gök öw­süp otu­ran ga­raň­ky to­kaý­a di­kip dur­dy. Nad­ýa­nyň Aýyň şug­la­sy­na öçüg­si gö­rün­ýän ak meň­zin­de yraň at­ýan da­ragt­la­ryň ga­raň­ky sa­ýa­la­ry oý­na­ýar­dy. Iwan Gaw­ri­lo­wiç onuň ar­ka­ ta­ra­pyn­da dur­dy, dart­gyn­ly hal­da san­dy­ra­ýan el­le­ri bi­len özü­niň sel­çeň sa­kga­ly­ny sy­pa­lap goý­ber­di. Sa­kga­ly­ny sy­pa­la­mak ýü­re­gi­ne dü­şen­soň, beý­le­ki eli bi­len özü­niň uzyn, ýa­ka be­ze­gi­ni wag­tal-wag­tal sy­pa­la­ma­ga we çe­ke­le­mä­ge dur­dy.
Iwan Gaw­ri­lo­wiç gör­mek­siz­di, bu je­le­gaý­da­ky iň bi­görk ki­şi­le­riň bi­ri diý­se­gem, bel­ki, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Ýü­zü­ni bir ýo­la gö­re­niň ikin­ji ge­zek gö­re­si­niň gel­jek­di­gem şüb­he­li­di. Ýö­ne, ol baý tä­jir­le­riň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar­dy.
Ol sa­ky­nyp, al­jy­raň­ňy hal­da, ulu­dan dem al­dy-da, ar­dyn­jy­rap şeý­le diý­di:
– Men si­ze öz duý­gu­la­ry­my bil­dir­ýän­li­gim üçin, me­ni ba­gyş­laň! Ýö­ne, men si­zi şeý­le bir go­wy gör­düm we­lin, bo­lup ýör­şüm akyl-hu­şu­ny al­dy­ra­na ça­lym ed­ýär. Me­niň gur­sa­gym­da si­ze şeý­le bir duý­gy bo­lup, ony as­la be­ýan et­me­gem müm­kin däl. Men dog­ru­sy­ny aýt­sam, Na­dež­da Pet­row­na, si­zi gö­ren ba­dy­ma kö­ňül ber­dim. Siz me­ni ba­gyş­laň, ha­wa, em­ma we­lin… Te­bi­gat şu gün nä­hi­li ýa­kym­ly!
– Ha­wa… ga­ty go­wy!
– Şeý­le üýt­ge­şik te­bi­gat­da bil­ýä­ňiz­mi nä­me, siz ýa­ly mä­hir­li ha­ny­ma kö­ňül ber­mek ne­neň­si ýa­kym­ly. Ýö­ne, meň­ki ug­ru­na däl.
Iwan Gaw­ri­lo­wiç ulu­dan de­mi­ni alyp, sa­kga­lyn­y sy­pa­lap goý­ber­di.
– Ha­wa, meň­ki ug­ru­na däl! Men si­zi go­wy gör­ýä­n, ejir çek­ýän, ýö­ne siz? Eý­sem, siz ma­ňa öz duý­gu­la­ry­ňy­zy syz­dy­ryp bi­ler­si­ňiz­mi? Siz okuw­ly, so­wat­ly, bir­kem­siz gö­zel. Me­niň bol­sa, tä­jir adym­dan baş­ga za­dym ýok. Edil er­be­dem däl ýa­ly. Hal-ýag­da­ýym go­wy, ýö­ne ha­ky­ky bagt bol­ma­sa, zat­dan ne peý­da? Bag­tyň bol­ma­sa, zadyň hiç-hili haý­ry de­ge­nok, di­ňe öm­rü­ňi bi­hu­da ge­çir­mek, şeý­le däl­mi? Go­wy iý­ýär­siň, geý­ýär­siň, aý nä­me py­ýa­da hem ge­ze­ňok, ýö­ne boş dur­muş-da, Na­dež­da Pet­row­na!
– Şeý diý­se­ne, on­da?
– Ha­wa, si­zi bi­ra­hat eden-ä däl­di­rin.
– Siz bir zat­lar diý­mek is­le­ýä­ňiz­mi?
– Siz me­ni sö­ýüp bi­ler­si­ňiz­mi? Bu ba­ra­da eje­ňi­ze hem duý­du­ryl­dy, ol äh­li za­dyň si­ze bag­ly­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Eýsem, siz ma­ňa nä­me jo­gap be­rer­si­ňiz?
Nad­ýa dym­dy. Ol agaç­la­ry we ýap­rak­la­ry zor­dan gö­rün­ýän gök öw­süp otu­ran ga­raň­ky to­kaý­ly­ga na­zar aý­la­dy. Onuň ün­sü­ni şe­ma­la baş­la­ry­ny ça­la­ja yrap otu­ran agaç­la­ryň he­re­ket ed­ýän ga­raň­ky man­za­ry özü­ne çek­di. Nad­ýa­nyň dym­ma­gy Iwan Gaw­ri­lo­wi­çi ho­puk­dyr­dy. Onuň göz­le­ri­ne ýaş aý­lan­dy. Ol ejir çek­ýär­di. “Bir­den­kä, ol boýun gaçyrsa näme?” di­ýen pi­kir göw­nü­ne gel­di, bu gam­gyn oý-pi­ki­re, onuň ini ti­ke­nek­läp git­di…
– Na­dež­da Pet­row­na, meň ja­ny­my agyrt­maň-da! Eger-de men seň ýü­re­gi­ňe düş­ýän bol­sam, on­da ol söý­güm­den­dir. Eger-de sen ma­ňa jo­gap ber­me­seň, on­da nät­sem-de bu işiň bol­ma­ja­gy.
Nad­ýa ýü­zü­ni Iwan Gaw­ri­lo­wi­çe öw­rüp, ýyl­gyr­dy. Oňa bakyp, mosk­wa­ly tä­ji­riň gu­la­gyn­da owaz bo­lup ýaň­lan­ýan se­da­sy bi­len şeý­le diý­di:
– Men si­ze örän min­net­dar, Iwan Gaw­ri­lo­wiç! Si­ziň me­ni söý­ýän­di­gi­ňi­zi, eý­ýäm, köp wagt­dan bä­ri bil­ýä­rin, nä­hi­li söý­ýän­li­gi­ňi­zde­nem ha­ba­rym bar. Ýö­ne men… men… Me­nem si­zi go­wy gör­ýä­rin, mä­hir­li ýü­re­gi­ňiz, we­pa­dar­ly­gy­ňyz üçin, si­zi go­wy gör­mez­lik müm­kin däl…
Iwan Gaw­ri­lo­wi­çiň ýü­zi ýag­ty­lyp git­di, aýa­sy bi­len sak­ga­ly­ny sy­pa­lap goý­ber­di-de, öz ýa­nyn­dan: “Bu düýş­mi­kä ýa huş­mu­ka jan­la­rym?” di­ýip, içi­ni hüm­let­di.
– Eger-de men sa­ňa dur­mu­şa çyk­sam, on­da men iň bagt­ly ze­nan bol­jak­dy­gy­my bil­ýä­rin – di­ýip, Nad­ýa sö­zü­ni do­wam et­di. – Ýö­ne, bil­ýä­ňiz­mi nä­me, Iwan Gaw­ri­lo­wiç? Jo­ga­ba bi­ra­za­jyk ga­ra­şyň. Oňaý­ly jo­ga­by şu ma­hal be­rip bil­jek däl. Men bu ädi­mi­mi ma­za­ly­ja oý­la­nyp gör­me­li… Bi­raz ta­ga­pyl ediň!
– Köp ga­raş­ma­ly bo­lar­my­ka?
– Ýok, köp däl. Bir gün, aň­ry git­se, iki…
– Bu bol­jak zat­my-ka özi…
– Siz hä­zir öý­ňü­ze gaý­dyň, jo­ga­by­ny bol­sa, men hat üs­ti bi­len ýol­la­ryn. Me­nem pi­kir­len­mä­ge gi­de­ýin. Sag bo­luň! Ýe­ne-de bir gün­den…
Nad­ýa baş atyp goý­ber­di-de, bas­gan­çak­dan çalt­lyk bi­len aşak dü­şüp, göz­den ga­ýyp bol­dy.
Iwan Gaw­ri­lo­wiç az sa­lym sä­gi­nip, pi­kir­len­di-de, to­kaý­da­ky ki­çi­räk çe­men­zar­ly­gyň içi bi­len ýol­da du­ran at­la­ry­na sa­ry ýö­nel­di. Ol mis­li uzak­ly gün gyz­gyn ham­mam­da sak­la­nan ýa­ly üýt­ge­şik bagt­dan ýa­ňa, ba­şy aý­la­nyp, ys­gyn­dan gaç­dy.
– Tro­fim! – di­ýip, ol bar­şy­na uk­lap ýa­tan paý­tun­çy­ny oýar­dy.
– Tur, ýör, gi­de­li! Hyz­ma­tyň üçin, ep-es­li­je be­re­rin! Dü­şün­diň­mi?
Şol wagt Nadýa gür agaçlaryň arasyndan, ýü­zü­ni baş­ga bir ýo­la ta­rap tut­du­ryp git­di. Bu ýol­da oňa ça­ga­lyk­da bi­le­je oý­nan dos­ty, ýig­ri­mi al­ty ýaş­la­ryn­da­ky ýi­git – ba­ron Wlad­imir Ştral ga­raş­ýar­dy. Ştral ýa­ňy sa­çy dü­şüp ug­ran gel­şik­li­je, eti-ga­ny ýe­rin­dä­ki to­kar­ja ýi­git­di. Ol şu ýyl uni­wer­si­te­ti ta­mam­lap, özü­niň Har­kow­da­ky mül­kü­ne bar­ýar­dy we Nad­ýa bi­len soň­ky ge­zek hoş­laş­ma­ga ge­lip­di. Onuň keý­pi kök­di, ke­se otur­gy­ja ar­ka­sy­ny be­rip, “Peý­kam­jy­gy” sy­gy­ryp çal­ýar­dy.
Nad­ýa de­mi-de­mi­ne ýet­män, ýa­daw hal­da onuň ýa­ny­na yl­gap gel­di.
– Men sa­ňa, eý­ýäm, bir sa­gat bä­ri, şu ýer­de ga­raş­yp oty­ryn – di­ýip, ba­ron dil­len­di.
– Bol­ýa-la, sag-gur­gun­my­sy­ňyz?
– Gur­gun­çy­lyk…
– Er­tir ug­ra­ýaň­my?
– Ha­wa…
– Ba­hym yzy­ňa do­lan­ýaň­my, on­soň?
– Bil­me­dim…
– Aý, bol­ýa-da, esa­sy zat ba­ra­da gür­rüň ede­li-le! Sen, Wol­ýa, pi­kir­len­diň­mi? – di­ýip, Nad­ýa aýt­dy.
– Pi­kir­len­dim.
– Ýe­ri, on­soň, nä­me ka­ra­ra gel­diň? Ha­çan toý ede­ris?
Ba­ron ýü­zü­ni ça­la­rak çy­typ:
– Sen ýe­ne-de şol bir zat hak­da – diý­di. – Men sa­ňa bu ba­ra­da ka­na­gat­la­nar­ly jo­gap be­re­ni­me, köp wagt ge­çe­nok ahy­ry. Hiç bir toý hak­da gür­rüň hem bo­lup bil­mez. Men sa­ňa bu ba­ra­da aýt­dym ahy­ryn. Eý­ýäm, te­lim sa­par aý­dy­lan za­dyň gür­rü­ňi­ni et­mek nä­mä ge­rek?
– Ýö­ne, Wol­ýa, bi­ziň dost­lu­gy­myz nä­me-de bol­sa, bir zat­lar bi­len gu­tar­ma­ly ahy­ryn! Nä­me üçin sen, mu­ňa dü­şün­me­ýär­siň? Dü­şü­näý­me­li ýa­ly we­lin.
– Ha­wa, ýö­ne, toý bi­len däl. Nad­ýa, sa­ňa şol bir zat hak­da edil ça­ga dü­şün­di­ren ýa­ly sa­da­lyk bi­len dü­şün­dir­ýä­rin. Gör­me­geý­je ze­na­nyň ýa­nyn­da sa­da­lyk ýag­şy, ýö­ne ja­nym, bu ýag­daý­da däl…
– Diý­mek, on­da, dur­muş gur­mak is­lä­ňok­-da! Is­lä­ňok­my? Sen gö­ni­ňi aýt­sa­na, seň ýü­re­giň ga­ra, gö­ni­ňi aýt, is­lä­ňok­my?
– Is­lä­mok. Nä­me üçin, men öz gel­je­gi­mi so­rag as­tyn­da goý­ma­ly? Men se­ni söý­ýän, ýö­ne sa­ňa öý­len­sem, he­läk bol­ýan, dü­şün­diň­mi? Sen­den ma­ňa hiç zat ýok. Mäh­ri­ba­nym, öý­len­mek dur­muş­da­ky or­nuň, mer­te­bäň deň ýa­ry­sy bol­ma­ly, sen­den bol­sa ma­ňa… Bär­de gy­na­na­ra zat ýok. Sag­dyn pi­kir et­me­li. Söý­gi bi­len goş bi­rik­dir­mek he­mi­şe bagt ge­tir­ip dur­ma­ýar, boş­luk bi­len gu­tar­ýan halatlary hem az bolanok.
– Ýa­lan söz­le­me… Sen ýa­lan söz­le­ýäň! Asyl sen, şeý diý­se­ne on­da!
– Ýok, akyl­ly-baş­ly ýa­şa­mak ge­rek.
– Nä­me üçin, sen bu ba­ra­da ozal pi­kir et­me­diň… Ýa­dy­ňa düş­ýär­mi? Sen, ma­ňa öý­len­jek­di­gi­ňi çy­nyň bi­len söz be­rip­diň ahy­ryn. Söz ber­män­diň­mi nä­me?
– Be­rip­dim… Ýö­ne, meň pi­kir­le­rim, in­di üýt­ge­di. Sen şow­suz bi­ri­ne dur­mu­şa çyk­mar­syň ahy­ryn? Sen nä­me üçin, me­ni öý­len­mä­ge mej­bur et­jek bol­ýaň? Indi me­niň gö­zü­mi ýu­mup he­re­ket et­mä­ge ýag­da­ýym ýok. Me­niň wyž­da­ny­myň öňün­de jo­gap ber­me­li ge­l­je­gim bar.
Nad­ýa el­ýag­ly­gy bi­len göz­ýa­şy­ny sü­pür­di-de, düş­nük­siz bir zat­lar sa­myr­dap ug­ra­dy.
– Beýt­me, mäh­ri­ba­nym! Men se­ni söý­ýän ahy­ryn! Men sen­siz ýa­şap bi­le­mok, ezi­zim! Eger-de sen me­ni go­ýup git­seň, on­da me­ni kyn ýagdaýda goýarsyň. Dur­muş gu­ra­rys ge­rek?
Ýi­git az sa­lym oýa bat­dy-da, do­gum­ly­lyk bi­len üzül-ke­sil şeý­le diý­di:
– Men ba­şa­ra­mok! Söý­gi go­wy zat, em­ma ol bu dün­ýä­de hem­me za­dyň ba­şy däl…
– On­da, sen is­lä­ňok­da?
– Ýok, is­lä­mok…
– Is­lä­ňok­my? Is­le­me­ýä­niň anyk­my?
– Ba­şa­ra­mok, Nad­ýa!
– Asyl, şeý diý­se­ne, on­da! Sa­ňa diý­me­li­si bel­li we­lin, bor-da. Seň bol­şu­ňa jy­nym at­lan­ýar, ýig­ren­ýän, ýig­ren­ýän! Men se­ni hiç ha­ça­nam söý­me­dim, bol­du­my in­di! Eger men sa­ňa yna­nan bol­sam, on­da se­ni di­ňe ak­ýü­rek­li adam ha­sap­lan­dy­gym hem-de meň bi­len dur­muş gu­rar­syň di­ýip pi­kir eden­li­gim üçin­dir. Sen iş­jan­ly bo­lan­ly­gyň üçin, sa­ňa ba­ra­ryn öýd­ýär­dim!
Nad­ýa Ştral­dan bir­nä­çe ädim yza çe­ki­lip, oňa ýe­ne-de bi­raz şe­re­be­si­ni pürk­di-de, yzy­na al­ňa­sa­dy. Ol gi­dip bar­şy­na “Oň ýa­ny­na bi­de­rek ba­ryp­dy­ryn. Onuň me­ni ha­la­ma­ýan­dy­gy­ny bil­mä­nem du­ra­mok­dym? Men ozal sam­syk bo­lup­dy­ryn! Ozal baş­da pi­sint et­me­dik bol­sam, oň öňün­de mer­te­bä­mi ki­çelt­me­giň ge­re­gi hem bol­maz­dy” di­ýip, hü­ňür­de­di.
Nad­ýa to­kaý­da­ky bir how­la gi­rip, öýe gir­me­di. Ol how­lu­da bir­sa­lym gez­me­le­di, ýag­ty­ly­gy gow­şak pen­ji­re­le­riň bi­ri­niň öňün­de aýak çek­di. Bu pen­ji­re kon­ser­wa­to­ri­ýa­ny ýa­ňy ta­mam­lan ýaş skrip­ka­çy Mit­ýa Gus­ýe­wiň bol­ýan ota­gy­nyň­ky­dy. Nad­ýa pen­ji­re­den içe­rik se­ret­di. Çi­gin­lek, buý­ra­dan sa­ry saç­ly, gör­me­geý bu ýigit Nadýanyň muşdagydy. Ol kro­wat­da süý­nüp ýa­ty­şy­na ro­man oka­ýar­dy. Nad­ýa bi­raz du­rup, oý­la­nyş­dy-da pen­ji­rä­ni kak­dy. Skrip­ka­çy ýa­tan ýe­rin­den kel­le­si­ni gal­dy­ryp:
– Kim? – di­ýip, gy­gyr­dy.
– Bu men Mit­ýa. Bir­je mi­nut pen­ji­rä­ni aç­sa­na!
Mit­ýa çalt­lyk bi­len ýe­rin­den tur­dy-da pen­ji­rä­ni aç­dy.
– Bi­raz daş çy­kyp bil­mer­siň­mi? – di­ýip, Nad­ýa dil­len­di.
Pen­ji­re­den gö­rnüp gi­den Mit­ýa, az sa­lym­dan Nad­ýa­nyň ga­şyn­da hä­zir bol­dy.
– Si­ze nä­me ge­rek? – di­ýip, Mit­ýa so­ra­dy.
Nad­ýa Mit­ýa­nyň ýü­zü­ne so­rag­ly na­za­ry­ny gez­di­rip:
– Şeý­le, Mit­ýa – di­ýip, sö­ze baş­la­dy: – Ga­dyr­dan, in­di ma­ňa söý­gi hat­la­ry­ny ýaz­maň! Ha­ýyş ed­ýä­rin, ýaz­maň! Me­ni söý­mäň, me­ni söý­ýän­li­gi­ňi­zi hem gaý­dyp ma­ňa aýt­maň!
Nad­ýa­nyň göz­ýaş­la­ry ýa­ňa­gyn­dan sy­ry­gyp gaýt­dy.
– Mit­ýa in­di me­niň üçin skrip­ka ça­lyp aza­ra gal­maň! Men sö­ýül­mä­ge my­na­syp däl. Siz mä­hir­li, go­wy. Ýö­ne, sen me­ni söý­me! Men hem­me zat­dan öňür­ti, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ha­la­ýa­ryn. Men se­niň göw­nüň­dä­ki ze­nan däl, men di­ňe özü­mi bil­ýän. Söý­mäň me­ni, ga­dyr­dan! In­di ma­ňa hat ýaz­jak bo­lup hem aza­ra gal­maň! Se­bä­bi men Gaw­ri­lo­wi­çe dur­mu­şa çyk­ýa­ryn. Gör­düň­mi, men nä­hi­li eke­nim. Siz bol­sa­ňyz, ýe­ne-de me­ni söý­ýär­si­ňiz! Sag bo­luň! Hoş gal, Mit­ýa!
Nad­ýa bu söz­le­ri aý­dyp, gys­san­maç­lyk bi­len der­we­zä ta­rap ýö­nel­di. Özü­ni ýi­ti­ren Mit­ýa al­jy­raň­ňy hal­da onuň yzyn­dan se­re­dip gal­dy.
Nad­ýa öz ota­gy­na ge­lip, sto­luň ba­şy­na geç­di, ajy göz­ýaş dö­küp, şeý­le hat ýaz­dy: “Ga­dyr­ly Iwan Gaw­ri­lo­wiç! Men ra­zy. Si­zi söý­ýä­rin we si­ziň maş­ga­la­ňyz bol­ma­gy ýü­re­gi­me düw­düm. Si­ziň N.”
Hat ýe­lim bi­len ýa­pyş­dy­ry­lyp, ge­rek­li sal­gy­sy­na ýol­la­mak üçin, hyz­mat­çy aýa­la gow­şu­ryl­dy.
“Er­tir­ki gün ma­ňa hoş ha­bar ge­ti­rse ge­rek” di­ýip, Nad­ýa ulu­dan de­mi­ni al­dy.
Bu dem alyş onuň agy­sy­nyň so­ňu­dy. Pen­ji­rä­niň gy­ra­syn­da bi­raz otu­ryp, ra­hat­la­nan Nad­ýa dü­şe­gi­ne geç­di. Eý­ýäm, gi­jäň ýa­ry­dy, Nad­ýa­nyň kä­wagt tis­gin­ýän ju­wan be­de­ni­ni gym­mat ba­ha­ly keş­de­li per ýor­gan gyz­dyr­ýar­dy.
Iwan Gaw­ri­lo­wiç ýa­ry­gi­je­de öz iş ota­gyn­da iki­ba­ka gez­me­läp ýör­şü­ne eşit­di­rip, ar­zu­wy­ny di­le ge­tir­di. Onuň ýa­nyn­da otu­ran ene-ata­sy, per­zen­di­niň ar­zuw­la­ry­ny diň­le­di­ler. Olar bagt­ly og­lu­na gu­wa­nyp, ho­şal bol­du­lar.
– Gyz-a oňat, asyl­ly – di­ýip, ka­ka­sy dil­len­di. – Ge­ňeş­çi­niň gy­zy, akyl­ly hem-de owa­dan. Di­ňe bir­je kem­çi­li­gi bar: ol hem fa­mi­li­ýa­sy gaý­ry di­ýäý­me­seň! Adam­lar se­niň gaý­ry ýurt­ly bi­ri­ne öý­le­nen­siň öý­der­ler.

An­ton Çe­how, rus ýa­zy­jy­sy.

 

(Ter­ji­me eden Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
“Zaman-Türkmenistan”.)