Sankt- Gallen iň gadymy kitaphanalaryň biridir. Ol miladydan öň, VII asyrda esaslandyrylan Keramatly Galla monastyrynda ýerleşýär. Bu monastyrda 1805-nji ýyla çenli Ýewropanyň iň möhüm kitaphanalarynyň biri ýerleşipdir. Buthana we onuň kitaphanasy 1983-nji ýylda “Karolingler neberesi eýýamynyň (miladynyň VIII-X asyrlary) monastyrynyň iň oňat nusgasy hökmünde” ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Häzirki wagtda monastyr köpçülik üçin elýeterli bolup, onuň arhiwinde 170 müňden gowrak Orta asyrlardan galan eserleriň doly ýygyndylary saklanýar. Gadymy golýazmalaryň köp bölegi elektron görnüşinde elýeterli edildi. Iň gadymy nusgalaryň biri bolsa, monastyryň binagärlik meýilnamasy bolup, ol miladynyň IX asyryna degişlidir. Bu binagärlik meýilnamasy biziň günlerimize gelip ýeten ýeke-täk nusgadyr.