Awstraliýanyň we ABŞ-nyň alymlar topary ummanlaryň ýagdaýyny seljerip, adamlaryň täsiriniň az bolan suw ýüzüniň meýdanlarynyň mukdaryny hasapladylar. Alymlaryň barlaglary “Current Biology” žurnalynda çap edilipdir. Barlaglaryň netijesine görä, el degrilmedik suw ýüzüniň umumy meýdany 55 million inedördül kilometre deňdir – degişlilikde, dünýä ummanlarynyň 13 göterimi we bu suw ýüzüniň meýdanlarynyň hem bäş göterime golaýy kanun esasynda goralýar. Alymlar öz barlaglarynda ýük daşamak, transport, balykçylyk, senagat önümçiliginden galan zeý suwlary we oba hojalyk dökünleri ýaly adamzat işjeňliginiň 12 görnüşiniň ummanlara ýetirýän täsirini öwrenipdirler. Umman suwlaryna 15 sany täsir etmedik ýagdaý, el degrilmedik hasaplanyp, ol ýerde adamyň täsiri 10 göterimdenem az bolup çykypdyr. Netijede, alymlar iň giň “ýabany” suw ýüzüniň meýdanlarynyň Hindi-Ýuwaş umman sebitinde, şeýle hem, Arktikada we Antarktikada ýerleşýändigini we olaryň meýdanynyň takmynan 16 million inedördül kilometre barabardygyny anykladylar. Afrikanyň günortasyndaky suwlaryň adamlaryň iň az bolan suwlardygy belli boldy. Barlag geçiren hünärmenleriň pikiriçe, şeýle “ýabany” zolaklar Ýeriň ekologiýasy üçin möhüm rol oýnaýar, sebäbi biologiki görnüşleriň dürli-dürlüliginiň derejesi beýleki sebitlere garanyňda, has ýokary. Şeýle suw meýdanlaryny goramak Zeminiň biodürlüligini gorap saklamaga kömek edýär.