Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji martynda Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmagy, täsin sähra ösümliklerine ünsi çekmegi ekologiýa meselesine döwlet derejesinde yzygiderli we uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda tebigatyň ähli gözellikleriniň, döreden gymmatlyklarynyň degişli derejede saklanmagy ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde Garagumuň giňişliklerinde göwün göteriji görnüşler gözüňi dokundyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda bellenilip geçilişi ýaly, birmahallar bu ýerden kerwen ýollary geçipdir. Bu gadymy ulag ýollary gülläp ösen şäherleriň arasyndaky uç-gyraksyz çägelikleriň üstünden geçipdir. Häzirki wagtda bu ýerde täsin tebigy ekologiýa ulgamy aýawly saklanylýar.
Garagum sährasy özüniň ösümlik dünýäsi bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Sähranyň her pasla mahsus ösümlik dünýäsi bar. Şolaryň arasynda dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşleri bar, olar döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Garagum sährasyndaky guýularyň suwundan demlenen, açyk meýdanda, tüňçede ýa-da taňkada gury sazagyň oduna gaýnadylan çaýdan tagamly içginiň ýokdugy her bir adama mälimdir.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýylda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň esasy ugurlarynyň hut Garagum sährasynyň çäginden geçendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garagum sährasy ýaly täsin tebigy gözelligi aýawly saklamak boýunça iş ýüzünde netijeli çäreler görülýär. Garagumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz nobatdaky iş saparynda täsin ösümlikleriň 757 görnüşini gujagynda saklaýan Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak, onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikdäki ylmy işleri dowam etdirmek wezipelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz sazak, dagdan agaçlary bilen bagly aýratynlyklar hakynda gyzykly maglumatlar getirip, sähra ýerlerinde tokaý zolaklaryny döretmegiň, sazak ekilýän meýdanlary giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Lukmançylyk we oba hojalygy ugrundan bilim alýan talyplaryň sähra ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksadalaýyk boljakdygy barada hem belläp geçdi. Milli Liderimiziň bu başlangyçlaryny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üstünlikli dowam etdirýärler.
Garagumda öri meýdanlarynyň möçberleri artyp, bu ýerlerde dowardarçylygy we düýedarçylygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Garagumuň çäklerinde bitýän ösümlikleriň çägäniň süýşmeginiň öňüni alýandygy, onuň topragynyň berklik derejesini ýokarlandyrýandygy aýdyň hakykatdyr. Şol bir wagtyň özünde sähranyň giňişliklerinde bar bolan ösümlikler bu ýeriň haýwanat dünýäsi üçin hem ähmiýetli bolup durýar.
Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we oňa zeý akabalarynyň gurulmagy bilen, bu ýerleriň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi has-da baýlaşdy. Ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň sazak tokaýlyklary barha köpelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren seýrek duş gelýän haýwanlaryň san taýdan köpelmegi tebigatymyzy has-da baýlaşdyrdy.
Umuman, ajaýyp ekoulgamy bolan Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly künjegi döretmek, türkmen tebigatynyň netijeli we ylmy esasda peýdalanylmagyny üpjün etmek milli Liderimiziň amala aşyrýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şemşat ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.