462175.jpgIýmitleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bolup, olar köp ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribäniň netijesinde kämilleşdirilipdir. Balyk kakadylyp, gawun örülen tordan asylyp, üzüm dokalan gamşyň ýüzüne serlip gyşyň dowamynda saklanýar. Häzirki wagtda bolsa sowadyjylar arkaly dürli azyk önümlerini uzak wagtlap saklamak mümkin. Iýmitiň zaýalanmagyna göz bilen görüp bolmaýan kiçijik mikroorganizmler sebäp bolýar. Bakteriýalar iýmitiň içinde sähelçe wagtda köpelýär. Mysal üçin, bir bakteriýa özüne amatly ýer tapan ýagdaýynda 24 sagadyň dowamynda bir milliona ýetip bilýär. Bu bolsa şol iýmitiň zaýalanmagyna getirýär. Bakteriýalar çakdanaşa yssy ýa-da sowuk ýerlerde köpelip bilmeýär. Şol sebäpli iýmitler sowuk ýerde has gowy durýar. Ondan başga-da, bakteriýalar şekerli, şor, kislotaly iýmitlerde ýaşap bilmeýär. Şulary göz öňünde tutup, adamlar arzan hem-de saglyga zyýansyz bolansoň iýmitleri duza ýatyrmak usulyndan has köp peýdalanýarlar.