Kä­bir jan­dar­lar öz ga­ryn­daş­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly reňk­de bol­ýar. My­sal üçin, gu­zu­lar dün­ýä inen­le­rin­de ga­ra ýa-da go­ňur bol­ýarlar. Guzularyň ak reňk­li­si örän seý­rek duş gel­ýär. Bu ýag­daý ýa­ba­ny haý­wan­lar­da hem ga­bat gel­ýär. Dün­ýä­niň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne iň baý ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Ke­ni­ýa­da­ky Ma­sai-Ma­ra go­rag­ha­na­syn­da me­nek­li zeb­ra dün­ýä in­di. Adat­ça, zeb­ra­lar ak-ga­ra çy­zyk­ly bo­lup, hat­da ak çy­zyk­ly ýer­le­re zeb­ra di­ýil­ýär. Meý­dan­da bök­jek­läp ýö­ren me­nek­li zeb­ra­ny beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­dyr­mak örän aň­sat. Ony su­ra­ta dü­şü­ren Frenk Liu bu ki­çi­jik jan­da­ry il­ki gö­re­nin­de onuň baş­ga bir jan­dar­dy­gy­ny pi­kir edip­dir. Zeb­ra sü­rü­si­niň için­de eje­si­niň ýa­nyn­dan aý­ryl­man­soň, “taý­har­jy­gyň” bu maş­ga­la de­giş­li­di­gi bel­li bo­lup­dyr. Ga­ty seý­rek duş gel­ýän bu ýag­daý jan­da­ryň reň­ki­ni eme­le ge­tir­ýän pig­ment­le­riň beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­ly bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Şol se­bäp­li zeb­ra­nyň de­ri­sin­de çy­zyk­la­ryň de­re­gi­ne me­nek­ler eme­le gel­ýär. Mu­nuň hiç hi­li zy­ýa­ny ýok. Em­ma hü­när­men­ler şeý­le reňk­li zeb­ra­ny has köp çy­byn-çir­keýiň ça­kyp bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Se­bä­bi, zeb­ra­la­ryň ak-ga­ra çy­zyk­la­ry mör-mö­jek­le­riň gö­rüş uky­by­na tä­sir edip, zebralara köp gon­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar.