To­kaý diýlende, ulu­ly-ki­çi­li agaç­dyr beý­le­ki ösüm­lik­le­riň ösüp otu­ran, dür­li jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan aras­sa ho­wa­ly ýe­ri göz öňü­mi­ze gel­ýär. Için­de ýö­rä­re ýer bol­ma­ýan, şa­ha­la­ry­na guş­lar gon­ma­ýan to­kaý­lar hem bar. Em­ma olar ada­ty to­kaý­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, çuň de­ňiz­le­riň as­tyn­da. Bu to­kaý­laryň ke­nar­ýa­ka­la­ry go­laý ýer­le­şip, beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň köp muk­dar­da ýa­şa­ýan ýer­le­ri­dir. Su­was­ty to­kaý­lar­da uzyn­ly­gy 60 met­re ýet­ýän su­wo­tu­lar ös­ýär, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ulu­ly-ki­çi­li ýüz­ler­çe gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Bu ýer­ler­dä­ki suw kis­lo­ro­da hem baý bo­lan­soň, ýa­şa­ýyş üçin oňyn şert dö­red­ýär. Ada­ty to­kaý­lar ýa­şa­ýyş üçin nä­hi­li äh­mi­ýet­li bol­sa, bu to­kaý­lar hem suw jan­dar­la­ry üçin şo­lar ýa­ly äh­mi­ýet­li­dir. Hat­da di­ňe deň­iz jan­dar­la­ry üçin däl, gu­ry ýer­dä­ki haý­wan­lar üçin hem uly äh­mi­ýe­te eýe. Ola­ra su­wo­ty to­kaý­la­ry hem di­ýil­ýär. Bu ýer­de suwotularyň 30 tö­we­re­gi gör­nü­şi ös­ýär. Go­ňur reňk­li bu ösüm­lik­ler deň­ziň aşa­gyn­dan ýo­kar­ly­gy­na ösüp, iri ýap­rak­la­ry bol­ýar. Bu tä­sin ösüm­lik­ler çalt ös­ýän­li­gi bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Bam­buk aga­jy gün­de 90 san­ti­metr ös­ýän bol­sa, bir su­wo­ty 45 san­ti­metr ös­ýär. Ösüm­li­giň ýap­rak­la­ry beý­le­ki jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy, kö­pel­me­gi üçin ýer, iý­me­gi üçin iý­mit çeş­me­si bol­ýar. Su­wo­tu­lar gür bo­lup, giň meý­da­ny öz içi­ne al­ýar. Edil ada­ty to­kaý­lar ýa­ly, bu ösüm­lik­ler hem pas­la gö­rä üýt­ge­ýär. Güýç­li ýel we beý­le­ki te­bi­gy ha­dy­sa­lar sebäpli go­pan bu ösümlikler ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len gaý­ta­dan ösüp baş­la­ýar­lar. Bu ýer­ler­de ba­lyk­lar, oňur­ga­syz jan­dar­lar, am­fi­bi­ýa­lar, leň­ňeç­ler, de­ňiz süý­dem­di­ri­ji­le­ri ýa­şa­ýarlar. Su­wuň as­tyn­da­ky ekoul­gam onuň da­şyn­da ýa­şa­ýan guş­la­ryň hem iý­mit çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Su­was­ty to­kaý­la­ry At­lan­tik um­ma­nyn­da, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Al­ýas­ka­nyň, Awst­ra­li­ýa­nyň we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka­la­ryn­da, Af­ri­ka­nyň we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň gü­nor­ta ke­nar­la­ryn­da has ýyg­jam ga­bat gel­ýär. De­ňiz to­kaý­la­ry ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ba­lyk­çy­ly­gyň hem ösen ýer­le­ri hök­mün­de adam­lar üçin azyk çeş­me­si bo­lup hyz­mat edip­dir.